Mart aýynda Norwegiýanyň nebit önümçiligi günde 1,83 million barrel bolup, garaşylandan ýokary boldy. Tebigy gaz önümçiligi bolsa hen gün ortaça 340,4 million kubmetr boldy. Gaz önümçiliginiň 352,8 million kubmetr bolmagyna garaşylýardy. Bu görkeziji fewral aýynda 354,5 million kubmetr bolupdyr. Bu barada ýurduň Nebit müdirligi habar berýär.