Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlarda geçen gyş paslynda kömürden alynýan elektrik energiýasy ozalky gyşdakydan 11 göterim az bolupdyr. Maglumatlara görä, sebitde elektrik önümçiliginde gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriň paýy 40 göterime ýetipdir. Gazylyp alynýan ýerasty gorlaryň peýdalanylmagy bilen öndürilen elektrik energiýasynyň paýy 37 göterim bolupdyr. Şeýlelikde Ýewropada gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden elektrik energiýasynyň üpjünçiligi ilkinji gezek gyşky möwsümde adaty ýerasty ýangyçlardan köp bolupdyr.
“Ember” maslahat beriş kompaniýasynyň taýýarlan maglumatyna görä, Ýewropada arassa çeşmeleriň ulanylyşynda rekord goýlupdyr. Gyş paslynda ýerasty çeşmeleriň elektrik energiýasynyň önümçiliginden sarp edilişi 12 göterim azalypdyr.
Maglumatlara görä Ýewropada elektrik energiýasyna bolan isleg 7 göterim azalypdyr. Gazyň sarp edilişi 13 göterim pese gaçypdyr. Geçen gyşda Fransiýadaky käbir ýadro beketleriniň käbiriniň önümçiligi bes edilipdi. Eger şeýle bolmadyk bolsa, kömrüň we gazyň sarp edilişiniň has hem pes boljakdygy bellenilýär.
Ýewropadaky kömür beketlerinde hem kömrüň sarp edilişi azaldy.
Ogulgerek Durdymyradowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
PDF









