Şu gün – 29-njy aprelde Döwlet baştutanymyzyň gatnaşmagynda türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi. Baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary guraldy, “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
“Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi Goşasakar atly bedew mynasyp boldy. Bu atyň seýisine Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragy bolan “Toyota Fortuner” kysymly ýeňil awtoulagyň açary, Göçme kubogy we Diplom gowşuryldy. Şeýle hem türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň halypa çapyksuwarlarynyň gatnaşmagynda at çapyşygy geçirildi. Bu baýragyň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy – ýeňil awtoulagyň açary gowşuryldy.
Şeýle hem Ahalteke bedewleriniň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde çeper beýan etmek boýunça geçirilen bäsleşikleriň ýeňijilerine döwlet Baştutanymyzyň adyndan baýraklar gowşuryldy.
Ertir — 30-njy aprelde ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden, dabaraly belleniler.