Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly uly üstünliklere beslenýär. Arkadagly Serdarymyzyň pähim-paýhasa esaslanýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasatynyň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işlere, ajaýyp özgertmelere, eziz Diýarymyzyň her gününi bezeýän ajaýyp wakalara halkymyz tüýs ýürekden guwanýar hem-de buýsanýar.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen merdana ata-babalarymyzyň şöhrata beslän mukaddes taryhy topragynda gurulýan Arkadag şäheri ýurdumyzyň senenama ýazgysyna täze ajaýyp sahypa bolup girýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de şäher gurluşygy we binagärlik sungaty babatdaky ýiti zehini bilen gurluşygynyň birinji tapgyry tamamlanýan Arkadag şäheri häzirki zaman talaplaryna laýyk enjamlaşdyrylan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralary we beýleki binalary öz içine alýar. Täze şäheriň gurluşygynda häzirki zaman usullarynyň hem-de iň täze tehnologiýalaryň ulanylmagy «akylly» şäher konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegine, ilatyň döredijilikli zähmet çekmegi, oňaýly dynç almagy hem-de abadan durmuşy üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilendir.
Golaýda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyz: «Akylly» şäheriň innowasion taslamasy dünýäniň we milli binagärligiň, bezegiň, tehnologik üpjünçiligiň iň gowy nusgasyny özünde jemleýär. Arkadag şäherini türkmen gurluşykçylary gurdy» diýip belledi.
Ýakynda Arkadag şäheriniň hukuk ýagdaýyny, şonuň ýaly-da wezipelerini amala aşyrmagy bilen baglylykda döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň hukuk, guramaçylyk we beýleki esaslaryny kesgitleýän «Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Şol kanunda Arkadag şäheriniň hukuk ýagdaýy Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň üstünliklerini görkezýän dolandyryş-çäk birligi hökmünde, şonuň ýaly-da türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhy tejribesiniň we döwlet gurluşynda halkara tejribesiniň häzirki zaman meýilleriniň esasynda ýurdy ösdürmegiň uzak möhletleýin geljeginiň aýratyn ähmiýetine laýyklykda bellenilýär.
Bu kanunçylyk namasy ýurdumyzda ilkinji gezek döwlet ähmiýetli şäher derejesine eýe bolan Arkadag şäheriniň peýda bolmagyna giň mümkinçilikler döretdi. Arkadag şäheri häzirki zaman şähergurluşyk ýörelgelerine doly gabat gelýär. Dünýäde häzirki döwürde täzeçil tehnologiýaly şäherleriň gurulmagyna uly ähmiýet berilýär. Ol hem «ýaşyl» ykdysadyýete we tehnologiýa esaslanýan şäherlerdir. Ine, Arkadag şäherinde hem şeýle aýratynlyklaryň ählisi göz öňünde tutulan.
Arkadag şäherinde elektrobuslaryň we elektromobil taksileriň işi ýola goýlar. Şunda bu ulgamlaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek maksady bilen, hereket sazlaýjy yşyklaryň, awtoduralgalaryň işine sanly ulgam ornaşdyrylar. Munuň özi sazlaşykly hereketi hem-de şäher ilaty we onuň myhmanlary üçin ýokary derejeli hyzmatlaryň elýeterli bolmagyny üpjün eder.
Häzirki wagtda Arkadag şäheri, hakykatdan-da, tutuş Merkezi Aziýada we sebitde ilkinji bina edilen «akylly» şäherdir. Çünki onda «akylly» şäherlere mahsus bolan howpsuzlyk, «ýaşyl» şäher, «akylly» ulag ulgamy, «akylly» gaz, suw we elektrik ulgamlary hem-de «akylly» şäher hyzmatlary göz öňünde tutulandyr.
Kuwwat DURDYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.