Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz döwletimizde köpçülikleýin sporty ösdürmäge we ýaşlar syýasatyna esasy orun degişlidir – diýip bellemek bilen, ýurdumyzda sportuň ösüşine uly üns gönükdirýär. Arkadagly Serdarymyzyň bu ugurda edýän taýsyz tagallalarynyň çäginde ilatymyzy bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek, çagalar sportuny ösdürmek, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar we olar oňyn netijesini berýär. Diýarymyz sportuň gülläp ösýän we täze belentliklere çykýan mekanyna öwrülýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň sebitlerinde we merjen şäherimiz Aşgabatda döwrebap sport mekdepleri, sport toplumlarydyr meýdançalary, köpugurly stadionlar hereket edýär. Ildeşlerimiz şol sport desgalaryna gatnap, yzygiderli türgenleşik geçmek bilen sportda taplanýarlar. Türgenlerimiziň milli derejedäki we halkara sport ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri hem munuň buýsançly subutnamasydyr.
Milli sport ulgamynda, ähli ugurlarda bolşy ýaly, erkekler we zenanlar üçin deň şertler üpjün edilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda halkara ýaryşlarda baýrakly orunlary eýeläp, Watanymyzyň sport abraýyny artdyran türgenlerimiziň hatarynda köp sanly gyzlaryň bolmagy hem aýdylanlary aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
Ýakynda geçirilen Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň nobatdan daşary maslahatynda «Arkadag» futbol kluby TFF-niň agzalygyna kabul edildi we täze döredilen «Arkadag» futbol klubuny ýurdumyzyň futbol çempionatyna hem-de Kubogy ugrundaky bäsleşige goşmak barada karara gelindi.
Döwlet ähmiýetli Arkadag şäheri bilen adybir «Arkadag» futbol topary milli çempionat başlamazdan ozal Türkmenistanyň milli ýygyndysyndan alnan tejribeli oýunçylaryň esasynda döredildi. Onuň düzümine ýurdumyzyň alty futbol toparynyň 27 oýunçysy girizildi.
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň meşhur oýunçysy 42 ýaşly Guwançmuhammet Öwekowyň ýolbaşçylygyndaky «Arkadag» futbol topary ilkinji resmi duşuşygy Türkmenistanyň Ýokary ligasynda geçirilen Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky oýunda üstünlikli geçirdi.
Ata Watanymyzda ýaşlaryň abadan, asuda durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy, döwrebap bilim-terbiýe almagy, sport bilen meşgullanmagy, halal zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikler döredildi. Şeýle ajaýyp mümkinçiliklerden ýerlikli we netijeli peýdalanmak, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak her birimiz üçin çäksiz bagtdyr. Şeýle mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyşymyz çäksizdir.
Söhbet GURBANALYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň fakultet terapiýasy kafedrasynyň assistenti.