Biz film­le­re to­ma­şa ede­ni­miz­de di­ňe şol fil­miň ide­ýa­sy, te­ma­sy, dra­ma­tur­gi­ýa­sy, dart­gyn­ly wa­ka­la­ry ýa-da gül­kü­li sah­na­la­ry, şo­nuň ýa­ly-da akt­ýor­la­ryň öz­le­ri­ne yna­ny­lan keşp­le­ri jan­lan­dy­ryş­la­ry bi­len gy­zyk­lan­ýa­rys. Em­ma şol film­le­ri dö­red­ýän to­pa­ryň alyp bar­ýan iş­le­ri biz üçin düý­bün­den nä­ta­nyş bo­lup gal­ýar. Ki­no­ny dö­re­di­ji to­par bir­nä­çe iş­gär­den yba­rat bo­lup, ola­ryň için­de fil­mi go­ýu­jy re­žiss­ýor, ki­no­re­žiss­ýor, şeý­le-de fil­miň gur­naý­jy­sy (di­rek­to­ry) kad­ryň aňyr­syn­da gal­ýar. Şeý­le ha­ly­pa­la­ryň bi­ri hem şol film­ler­de zäh­met çe­ken ki­no iş­gä­ri Aman­mu­ham­met Döw­le­tow­dyr.
Aman­mu­ham­met Döw­le­tow 1943-nji ýy­lyň 15-nji ap­re­lin­de Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ka­ka et­ra­by­nyň Me­hin­li oba­syn­da dün­ýä in­ýär. Her bir yn­san ýet­gin­jek wag­ty gel­jek­de haý­sy hü­nä­re eýe bol­ma­ly di­ýen pi­ki­re çüm­ýär. Şeý­le ýag­daý ýa­şa­jyk Ama­ny hem gur­şap al­ýar. Aman en­tek ça­ga­ka onuň ka­ka­sy front­dan gel­ýär. Şikesli ka­ka­sy­ny syn­lan Ama­nyň oňa neb­si agy­ryp öz ýa­nyn­dan: «Me­nem luk­man bol­sam, ýa­ra­ma­ýan adam­la­ra kö­me­gim deg­se» di­ýip, ar­zuw edip­dir. Ama­nyň ýa­şy ýe­tip har­by gul­lu­ga gid­ýär. Ony gul­luk ed­ýän bö­lü­min­den ki­çi me­di­si­na iş­gä­ri­ni taý­ýar­la­ýan ýe­di aý­lyk okuw mek­de­bi­ne ug­rad­ýar­lar. Aman mu­ňa diý­seň be­gen­ýär. «Gök­dä­ki di­le­gim ýer­de go­wuş­dy» di­ýip, özü­niň luk­man bol­ma­ga hö­we­sek­di­gi­ni, do­gu­my­ny, gu­jur-gaý­ra­ty­ny gör­ke­zip, luk­ma­na mah­sus hä­si­ýet­le­ri bi­len sy­nag­da­n geç­ýär, oka­ýa­r, es­ger­le­re lukmançylyk kömegini ed­ýär. Em­ma Aman en­tek mek­dep­de okap ýör­kä, Mosk­wa­nyň M.Gor­kiý adyn­da­ky ki­nos­tu­di­ýa­sy­nyň iş­gär­le­ri Aş­ga­ba­da ge­lip, «Ho­raz» at­ly fil­mi su­ra­ta dü­şü­rip baş­la­ýar­lar. Fil­miň re­žiss­ýo­ry fil­miň baş gah­ry­man­la­ry­nyň bi­ri Na­zar at­ly boks­çy ýi­gi­diň keş­bi­ni jan­lan­dyr­ma­ly og­la­ny göz­läp, paý­tag­tyň mek­dep­le­ri­ne aý­la­nyp çyk­ýar we şol keş­bi jan­lan­dyr­ma­gy ýa­şa­jyk Ama­na ynan­ýar. Aman bu film­de us­sat ar­tist­ler War­wa­ra So­şals­ka­ýa we Leo­nid Reu­tow da­gy bi­len bi­le­lik­de çy­kyş edip, boks­çy Na­za­ryň keş­bi­ni jan­lan­dyr­ýar. Şol film­den soň Aman ki­no sun­ga­ty­nyň özü­ne çe­ki­ji­li­gi­niň güýç­lü­di­gi­ne göz ýe­tir­ýär. Şol fil­miň tä­si­ri bi­len Aman 1968-nji ýyl­da «Türk­men­film» ki­nos­tu­di­ýa­sy­na bar­ýar. Ama­ny der­rew fil­miň ad­mi­nist­ra­to­ry edip, işe ka­bul ed­ýär­ler. Soň­ra ol ki­no­re­žiss­ýo­ryň as­sis­ten­ti, ki­no­re­žiss­ýor, go­ýu­jy ki­no­re­žiss­ýor we fil­miň gur­naý­jy­sy bo­lup iş­le­ýär. Şo­nuň ýa­ly-da, film­ler­de akt­ýor hök­mün­de hem keşp jan­lan­dy­rýar. Geliň, indi Ama­nyň «Türk­men­film» ki­nos­tu­di­ýa­syn­da­ky dö­re­di­ji­lik­li ýo­ly ha­kyn­da du­rup ge­çe­liň. M.Gor­kiý adyn­da­ky ki­nos­tu­di­ýa­sy­nyň önü­mi bo­lan «Ho­raz» at­ly çe­per film­dä­ki boks­çy Na­za­ryň keş­bi­ni jan­lan­dy­ran­soň, stu­di­ýa­nyň ki­no­re­žiss­ýor­la­ry Ama­na öz dö­red­ýän film­le­rin­de akt­ýor hök­mün­de-de keşp jan­lan­dyr­ma­gy yna­nyp baş­la­ýar­lar. Olar ha­ly­pa ki­no­re­žiss­ýor­lar hem akt­ýor­lar Ba­ba An­na­now, Us­man Sa­pa­row, Ka­kow Oraz­sä­he­dow, Oraz­my­rat Gum­ma­dow, Aşyr Rah­ma­now, Oraz Ora­zow da­gy­dyr.
Aman­mu­ham­met Döw­le­tow dö­re­di­ji­lik işi­niň do­wa­myn­da «Söý­mek ge­rek», «Ýurt eýe­si», «Sä­he­diň tom­sy» ýa­ly bir­nä­çe çe­per film­le­riň gur­naý­jy­sy (di­rek­to­ry) bo­lup hem iş­le­ýär. Aman aga «Türk­men­film» ki­nos­tu­di­ýa­syn­da su­ra­ta dü­şü­ri­len «Mu­ňa dur­muş di­ýer­ler» at­ly çe­per film­de go­ýu­jy ki­no­re­žiss­ýo­ryň we­zi­pe­si­ni ýe­ri­ne ýe­ti­rip, bu fil­miň şow­ly çyk­ma­gy üçin özü­niň ze­hi­ni­ni we yh­la­sy­ny siň­dir­ýär. Aman­mu­ham­met Döw­le­tow dra­ma­turg hök­mün­de hem bir­nä­çe ki­nos­se­na­ri­ýa­la­ry ýaz­ýar. Olar­dan «Ýö­ne­keý ada­myň çyl­şy­rym­ly yk­ba­ly», «Nus­ga ge­lin­li ene», «Kalp­lar ba­da­şan­da», «Ata we ogul», «Älem ýü­rek», «Le­biz», «Ha­jy­go­lak» at­ly sse­na­ri­ýa­la­ry­ny ag­zap geç­se bo­lar.
Ýe­ri ge­len­de, Aman­mu­ham­met aga­nyň ýa­zan ki­nos­se­na­ri­ýa­la­ry­nyň için­de «Le­biz» hem-de «Ha­jy­go­lak» at­ly sse­na­ri­ýa­la­ry su­ra­ta dü­şü­ri­lip, halk köp­çü­li­gi­ne ýe­ti­ri­len­di­gi­ni, şo­nuň ýa­ly-da Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi­niň sun­gat us­sat­la­ry ba­ra­da­ky, en­sik­lo­pe­di­ýa ki­ta­by­na-da çy­ka­ry­lan­dy­gy­ny-da bel­läp geç­mek ýer­lik­li bol­sa ge­rek. Aman aga bi­len söh­bet­deş bo­la­ny­myz­da ol pur­sat­dan peý­da­la­nyp şä­gir­di Oraz Ora­zo­wy ýat­lap geç­di.
— Oraz bi­len ma­ňa en­çe­me film­ler­de iş­leş­mek mi­ýes­ser et­di. Dur­muş teatr­da­ky oý­na meň­ze­ýär. Mö­hüm zat onuň nä­çe wagt do­wam et­je­gi däl-de, eý­sem, nä­de­re­je­de go­wy oý­nal­ma­gy­dyr. Şol de­re­je­dä­ki ar­tist bo­lan­soň «Mar­gia­na» ki­nos­tu­di­ýa­syn­da önüm­çi­li­ge goý­be­ri­len «Zä­her­le­nen söý­gi» at­ly çe­per film­de baş keşp­le­riň bi­rin­de su­ra­ta dü­şen­den soň, «Türk­men­fil­miň» ýol­baş­çy­la­ry Ora­zy Mosk­wa şä­he­ri­ne ki­no­re­žus­su­ra ug­run­dan iki ýyl­lyk oku­wa ug­rad­ýar­lar. Şol oku­wy ta­mam­lap ge­len­soň men Oraz bi­len iş­le­şip baş­la­dym. Oraz ju­da ýum­şak adam­dy. Ýo­la çyk­saň ýol­daş, öý­de syr­daş bo­lun­ýan adam­lar­dan­dy. Men onuň bi­len en­çe­me film­ler­de egin-eg­ne be­rip iş­leş­dim. Olar­dan «Mol­la­ne­pes», «Ge­daý bag­şy», «Ta­lyp dur­mu­şy», «Şaý­ly ge­lin», «Mu­ňa dur­muş di­ýer­ler», «Bug­daý süm­mül bo­lan­da», «Ser­paý» ýa­ly aja­ýyp film­ler bar.
Ha­ly­pa ki­no iş­gä­ri Aman­mu­ham­met Döw­le­tow yk­ba­ly­ny ki­no sun­ga­ty­na ba­gyş­la­mak bi­len ki­no­ny dö­re­di­ji to­pa­ryň dür­li kär­le­rin­de iş­läp, şu gün­ki gü­ne çen­li öz ýi­ti ze­hi­ni, ukyp-ba­şar­ny­gy, iş­jeň­li­gi bi­len ýaş ki­no­çy­la­ra gö­rel­de bo­lup gel­ýär. Bir söz bi­len aý­da­ny­myz­da ýaş ki­no­çy­la­ra Aman aga­dan öw­re­ne­re zat örän kän. Ol bü­tin dur­ky bi­len ki­no sun­ga­ty­na ber­len yn­san. Aman aga hä­zir­ki dö­re­dil­ýän film­ler­de ýa­şu­ly nes­liň keş­bi­ni us­sat­lar­ça dö­re­dip gel­ýär. Mu­ňa my­sal edip ki­no­re­žiss­ýor Ba­tyr Ba­ty­ro­wyň «Ha­jy­go­lak», ýaş ki­no­re­žiss­ýor Zul­fi­ýa Ka­dy­ro­wa­nyň «Yn­san syr­da­şy», ha­ly­pa ki­no­re­žiss­ýor Sa­hy­sa­lyh Baý­ra­mo­wyň «Gy­zyl kür­te» at­ly fil­min­dä­ki dö­re­den aja­ýyp keşp­le­ri­ni ag­zap geç­se bo­lar. Bu keşp­ler ki­no muş­dak­la­ry­myz ta­ra­pyn­dan oňat gar­şy al­yn­dy. Aman aga­nyň döw­let­li maş­ga­la­sy bar. Ol maş­ga­la­sy Gül­je­ren ýeň­ňe­miz bi­len 5 og­ly ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­di­ripdir. Olary ylym­ly-bi­lim­li, hü­när­li adam­lar edipdir. Ola­ryň için­de su­rat­ke­şem, sa­zan­da­sam, yl­my iş­gä­rem bar. 11 ag­ty­gy, 4 çow­lu­gy bo­lan Aman aga maş­ga­la­sy Gül­je­ren ýeň­ňe­miz bi­len bagt­ly dur­muş­da ýa­şa­ýar­.
— Men pur­sat­dan peý­da­la­nyp me­de­ni­ýet, sun­gat, teatr we ki­no iş­gär­le­ri­ne uly sar­pa goý­ýan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze berk jan sag­lyk, uzak ömür, alyp bar­ýan il-ýurt bäh­bit­li iş­le­rin­de ro­waç­lyk­la­ry ar­zuw ed­ýä­rin — di­ýip, seg­se­n ýa­şy ar­ka atan Aman­mu­ham­met Döw­le­tow ýü­rek buý­san­jy­ny be­ýan et­di.

Ak­my­rat Ho­ja­ber­di­ýew, kino sungatyny öwreniji.