Angliýanyň çempionatynda şu wagta çenli oýnalan 8 duşuşykda 36 gol geçirildi. 34-nji tapgyryň “Fulhamy” myhmançylykda 2-1 hasabynda ýeňen “Mançester Siti” sanawyň 1-nji ornuna geçdi. Sitä ýeňiş getiren gollary Erling Holann bilen Hulien Alwares geçirdi. Şunlukda, çempionatdaky 34-nji goluny geçiren Holann bu ugurda Alan Şirer hem-de Endi Koulyň rekordyna şärik boldy. Galyberse-de, onuň şu möwsümde geçiren gollarynyň sany 50-ä ýetdi. 92 ýyldan soň Angliýanyň iň ýokary ligasynda çykyş edýän bir futbolçy ähli ýaryşlary hasaba alanyňda 50 gol geçirdi. Holann bu görkezijä ýeten 4-nji oýunçy bolup, soňky gezek 1930/31 möwsüminde Tom Woring 50 gol geçiripdi. Şeýle-de, Diksi Din 1927/28 möwsüminde 63, Wiktor Watson 1919/20 möwsüminde 50 gezek tapawutlanypdy.

“Premier Ligada” 34-nji tapgyrda 7 goluň geçirilen oýnunda “Liwerpul” öz meýdançasynda “Tottenhamdan” 4-3 üstün çykdy. Ilkinji 15 minutda 3-0 öňe saýlanan “Liwerpul” myhmanlaryň 90+3-nji minutda hasaby deňlemegine çäre tapyp bilmedi. Ýöne 90+5-nji minutda Žotanyň goly Kloppuň şägirtlerine çempionatdaky bassyr 4-nji ýeňşini gazandyrdy. “Liwerpul” bu ýeňişden soň 5-nji orna beýgeldi. Edil şeýle hasap bilen tamamlanan London derbisinde “Kristal Palas” hem “West Hamy” 4-3 hasabynda ýeňdi. “Mançester Ýunaýted” “Aston Willany” 1-0, “Nýukasl” bolsa “Southemptony” 3-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. “Braýton” Undawyň, Grossuň hem-de Welbegiň hersiniň 2 gol geçiren oýnunda “Wulwerhemptondan” 6-0 üstün çykdy.