1. Niderlandlaryň Kubogy ýaryşynyň finalynda PSW bilen Aýaks duşuşyp, esasy wagty 1-1 gutaran duşuşykda penaltileriň netijesinde 3:2 öňe saýlanan PSW bassyr 2-nji, umumylykda 11-nji gezek kubogy eýelemegi başardy.
  2. NBA-da soňky ýarym finalçy-da belli bolup, 7-nji duşuşykda myhmançylykda Sakramento Kingsi 120:100 hasap bilen ýeňip, umumy hasapda 4:3 öňe saýlanan soňky çempiony Golden Steýt Warriors ýarym finala çykdy we Los Anjeles Leýkersiň garşydaşy boldy.
  3. Sakramento Kings-Golden Steýt Warriors duşuşygynda 50 utuk geçiren super ýyldyz Stefen Körri 7-nji duşuşyklarda iň köp utuk geçiren basketbolçy boldy.
  4. NBA-da Gündogar Konferensiýanyň ýarym finalynyň ilkinji duşuşygynda Maýami Hit myhmançylykda Nýu Ýork Niksi 108:101 hasabynda ýeňip, 1:0 öňe saýlandy.
  5. Türkiýäniň futbol çempionaty Süper Ligde Stambul derbisinde 3-nji ýerdäki Beşiktaş sanawyň lideri Galatasaraýy 3-1 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, aratapawudy 5 utuga düşürdi.
  6. AFK Çempionlar Ligasynyň finalynyň Saud Arabystanynda oýnalan 1-nji duşuşygynda Al-Hilal bilen Urawa Red Daýmonds 1-1 (S. Al-Dawsari 13 – Koroki 13) deňme-deň oýnady (Jogap duşuşygy 6-njy maýda Saitamada oýnalar).
  7. Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilen küşt boýunça Dünýä çempionatynyň finalynda russiýaly Ýan Nepomniýaşini taý-brekde ýeňen hytaýly Din Liženýu ýeňip, çempionlyk gazanan 17-nji grossmeýster we ilkinji hytaýly ýeňiji boldy (Çempiona 1,1 million, wise-çempiona 900 müň ýewro pul baýragy berildi).