Hy­taý­da çöl­de gur­lan äpet Gün pa­ne­li işe gi­ri­zil­di. Des­ga Hy­ta­ýyň çöl­de gur­lan il­kin­ji aras­sa ener­gi­ýa be­ke­di ha­sap­lan­ýar. Ýurt­da soň­ky ýyl­lar­da gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa pu­da­gy­na re­kord de­re­je­de ma­ýa go­ýum gö­nük­di­ril­ýär. Ýur­duň Içer­ki Mon­go­li­ýa se­bi­tin­dä­ki Ten­ger çö­lün­de gur­lan des­ga dün­ýä­niň we Hy­ta­ýyň iň uly ikin­ji Gün pa­nel­li des­ga­sy ha­sap­lan­ýar.
Go­bi çö­lü­niň gü­nor­ta­syn­da Ten­ger çö­lün­de ýel be­ke­di hem bar. Bi­rin­ji tap­gy­ry işe gi­ri­zi­len tas­la­ma do­ly ta­mam­la­nan­dan soň­ra top­lu­myň önüm­çi­lik kuw­wa­ty 3 gi­ga­wa­ta ba­ra­bar bo­lar. Tas­la­ma­nyň işe gi­ri­zi­len bi­rin­ji tap­gy­ry­nyň önüm­çi­lik kuw­wa­ty 1 GW. Bu gör­ke­zi­ji 1,5 mil­li­on öýi elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len üp­jün et­mä­ge ýet­jek 1,8 mil­liard ki­lo­wat/sa­gat elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ön­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer. Bu se­bit­de umu­my ba­ha­sy 12,28 mil­liard dol­lar ma­ýa go­ýum öz­leş­di­ri­ler.
Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň iň uly Gün pa­ne­li Hy­taý­da bo­lup, önüm­çi­lik kuw­wa­ty 2,2 GW.