Du­baý Ýa­kyn Gün­do­ga­ryň iň uly aş­pez­lik çä­re­si bo­lan 10-njy Du­baý iý­mit fes­ti­wa­ly­nyň çä­gin­de dün­ýä­niň dür­li kün­jek­le­rin­den ge­len sy­ýa­hat­çy­la­ry ýe­ne bir ge­zek gar­şy al­ýar. Bu ba­ra­da Du­ba­ýyň Yk­dy­sa­dy­ýet we sy­ýa­hat­çy­lyk de­par­ta­men­ti ha­bar ber­di. 7-nji ma­ýa çen­li do­wam et­jek bu çä­re­de emir­li­giň myh­man­la­ry­na res­to­ran­lar­da, ka­fe­ler­de we beý­le­ki ýer­ler­de baý­ram­çy­lyk men­ýu­sy ga­raş­ýar.
Bu ýyl­ky Du­baý iý­mit fes­ti­wa­ly, çä­re­le­riň gi­ňiş­le­ýin mak­sat­na­ma­la­ry ar­ka­ly has gy­zyk­ly ge­çi­ril­ýär. Fes­ti­wa­lyň çä­gin­de 27-nji ap­rel­den 8-nji maý ara­ly­gyn­da Du­ba­ýyň res­to­ran hep­de­li­gi ge­çi­ri­ler. Ýe­di gü­nüň için­de iň go­wy 50 res­to­ran­da ýö­ri­te men­ýu top­lum­la­ry we ar­zan­la­dyş­lar bo­lar. «10 dir­he­me na­har» kam­pa­ni­ýa­sy aý­ra­tyn ün­si çek­ýär: fes­ti­wa­lyň 10 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li myh­man­la­ra ba­ry-ýo­gy 10 dir­he­me aja­ýyp ta­gam­lar hö­dür­len­ýär.
Du­ba­ýyň aş­pez­lik sun­ga­ty soň­ky 10 ýyl­da şä­he­ri glo­bal gast­ro­no­mi­ýa paý­tag­ty­na öw­rüp, şeý­le or­ny ber­kit­mek üçin aja­ýyp öz­ge­riş­lik­le­ri baş­dan ge­çir­di. Emir­lik­dä­ki res­to­ran­la­ryň sa­ny 2013-nji ýyl­da 5500 tö­we­re­gi bo­lan bol­sa, hä­zir bu san 13 mü­ňe çen­li ar­typ, jem­gy­ýet­çi­lik iý­mi­ti pu­da­gyn­da gör­ne­tin ösüş ga­zan­dy. 10 ýyl ozal Du­baý­da azyk ulag­la­ry we plýaž ka­fe­le­ri ýok­dy, ýö­ne in­di bu ýer­de kon­sep­tu­al eda­ra­la­ryň sa­ny gün­sa­ýyn art­ýar. Ola­ryň ara­syn­da ada­ty bol­ma­dyk ýer­ler­de wagt­la­ýyn açyl­ýan pop-ap res­to­ran­lar, ter­ önüm­le­ri hö­dür­le­ýän «bak­ja­dan sa­ça­ga» res­to­ran­la­ry we ada­ty bol­ma­dyk iý­mit zal­la­ry bar. Bu üýt­ge­şik çöz­güt­le­riň hem­me­si Du­ba­ýyň iý­mit fes­ti­wa­lyn­da hö­dür­len­ýär. Mun­dan baş­ga-da, şä­he­riň aş­pez­lik ug­run­dan ze­hin­le­ri «Miche­lin», «Gault & Mil­lau UAE gui­de» we «ME­NA’s 50 Best Res­tau­rants» ýa­ly ab­raý­ly gu­ra­ma­lar ta­ra­pyn­dan bir­nä­çe ge­zek yk­rar edil­di.
Du­ba­ýyň res­to­ran hep­de­li­gi 2016-njy ýyl­da Du­ba­ýyň iý­mit fes­ti­wa­lyn­da il­kin­ji ge­zek şä­her myh­man­la­ry­na ab­raý­ly res­to­ran­lar­da ta­gam­la­ry el­ýe­ter­li ba­ha­dan da­dyp gör­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rip­di. Du­baý­da aş­pez­lik sun­ga­ty gül­läp ös­ýär, onuň çalt ös­me­gi dün­ýä­niň aş­pez­lik kar­ta­syn­da yk­rar edil­me­gi bi­len tas­syk­lan­dy. 10 ýyl bä­ri ge­çi­ril­ýän Du­ba­ýyň iý­mit fes­ti­wa­ly özü­niň dür­lü­li­gi­ni we he­mi­şe üýt­ge­ýän gast­ro­no­mik land­şaf­ty­ny ýü­ze çy­kar­ýar.