3-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler hem girizildi.

Il­ki bi­len, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, go­ran­mak mi­nist­ri B.Gün­dog­dy­ýew çy­kyş edip, de­giş­li dö­wür­de Ýa­rag­ly Güýç­le­ri ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek hem-de ola­ry iň tä­ze teh­ni­ki se­riş­de­ler bi­len üp­jün et­mek bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Mil­li go­şu­nyň dü­züm bö­lek­le­ri­ne san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak, har­by gul­luk­çy­la­ryň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ha­sa­bat­da be­ýan edi­len me­se­le­le­ri öz içi­ne al­dy. Şeý­le hem Ýa­rag­ly Güýç­ler­de ça­gy­ryş bo­ýun­ça har­by gul­lu­gy geç­ýän har­by gul­luk­çy­la­ry har­by gul­luk­dan bo­şat­mak we Türk­me­nis­ta­nyň ra­ýat­la­ry­nyň har­by gul­lu­ga no­bat­da­ky ça­gy­ry­ly­şy­ny gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň di­ňe go­ra­nyş hä­si­ýe­te eýe bo­lan Har­by dokt­ri­na­sy­nyň il­kin­ji no­bat­da­ky we­zi­pe­le­ri­ni üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­me­giň mö­hüm­di­gi­ne ün­si çek­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Mil­li go­şu­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny yzy­gi­der­li pug­ta­lan­dyr­mak, es­ger­le­riň we ser­ker­de­le­riň ne­ti­je­li gul­lu­gy, my­na­syp dur­mu­şy üçin äh­li şert­le­ri dö­ret­mek ze­rur­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ýa­rag­ly Güýç­le­ri ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­syn­da kes­git­le­nen çä­re­le­riň öz wag­tyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­mak ge­rek di­ýip, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, go­ran­mak mi­nist­ri B.Gün­dog­dy­ýe­we bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry, şol san­da es­ger­le­riň hem-de har­by ta­lyp­la­ryň ara­syn­da türk­men hal­ky­nyň har­by ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da, Wa­ta­na bo­lan söý­gi we wa­tan­çy­lyk ru­hun­da ter­bi­ýe­çi­lik iş­le­ri­ni gu­ra­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly gör­kez­me­le­ri ber­di.
Mej­li­siň do­wa­myn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz
ýur­du­myz­da her ýy­lyň 9-njy ma­ýyn­da
1941–1945-nji ýyl­la­ryň Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da ga­za­ny­lan Ýe­ňiş gü­nü­niň da­ba­ra­ly ýag­daý­da bel­le­nip ge­çil­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry­na, go­ran­mak mi­nist­ri­ne şol gün paý­tag­ty­my­zyň «Halk ha­ky­da­sy» ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­myn­da hem-de ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da bu baý­ram­çy­lyk my­na­sy­bet­li göz öňün­de tu­tu­lan çä­re­le­riň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çi­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek tab­şy­ryl­dy.
Baş pro­ku­ror S.Mä­lik­gu­ly­ýew ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­zü­mi ta­ra­pyn­dan şu ýy­lyň ýan­war–ap­rel aý­la­ryn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň jem­le­ri, dü­züm­le­riň bir­nä­çe­sin­de de­giş­li ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry­nyň düz­gün­le­ri­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ne ge­çi­ri­len bar­lag­la­ryň ne­ti­je­le­ri, äh­li ul­gam­lar­da ka­nun­çy­ly­gyň berk ber­jaý edi­li­şi­ne gö­zeg­çi­lik bo­ýun­ça ge­çi­ri­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy ha­sa­ba­ty diň­läp, dü­züm bö­lek­le­rin­de san­ly ul­ga­my hem-de işiň öň­de­ba­ry­jy usul­la­ry­ny giň­den or­naş­dyr­mak me­se­le­si­ne yzy­gi­der­li üns ber­me­gi tab­şyr­dy.
Soň­ra içe­ri iş­ler mi­nist­ri M.Hy­dy­row şu ýy­lyň dört aýyn­da ge­çi­ri­len iş­le­riň jem­le­ri, ga­ra­ma­gyn­da­ky dü­züm­ler­de öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­ma­gyň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, ýur­du­myz­da jem­gy­ýet­çi­lik-hu­kuk ter­ti­bi­ni üp­jün et­mek, hu­kuk bo­zul­ma­la­ry­nyň öňü­ni al­mak, paý­tag­ty­myz­da we we­la­ýat­lar­da ýan­gyn howp­suz­lyk ka­da­la­ry­ny ber­jaý et­mek, ýol-ulag ha­dy­sa­la­ry­nyň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça ama­la aşy­ry­lan iş­ler ba­ra­da ha­bar be­ril­di. Şeý­le hem dü­zü­miň iş­gär­le­ri­niň ne­ti­je­li gul­luk et­me­gi we my­na­syp dur­mu­şy üçin dö­re­dil­ýän şert­ler, şol san­da ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri ulan­ma­ga ber­len de­giş­li des­ga­lar ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, içe­ri iş­ler eda­ra­la­ry­nyň ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi­ni he­mi­şe gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy. Döw­le­ti­miz­de ka­nu­ny­ly­gy hem-de hu­kuk ter­ti­bi­ni üp­jün et­mek, dür­li gör­nüş­li hu­kuk bo­zul­ma­la­ry­nyň, şol san­da ýol-ulag ha­dy­sa­la­ry­nyň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça ta­la­ba­la­ýyk çä­re­le­riň gö­rül­me­gi­niň mö­hüm­di­gi bel­le­nil­di. Äh­li ýer­ler­de ýan­gy­na gar­şy düz­gü­niň ber­jaý edi­li­şi hem-de kär­ha­na­lar­da, eda­ra­lar­da de­giş­li çä­re­le­ri ge­çir­mek ba­bat­da aý­ra­tyn tab­şy­ryk­lar be­ril­di.
Ýo­ka­ry ka­zy­ýe­tiň baş­ly­gy B.Ho­jam­gu­ly­ýew ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­zü­min­de şu ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri ge­çi­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, de­giş­li ul­ga­my ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­niň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­niň, san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­ma­gyň bar­şy, iş­gär­ler dü­zü­mi­ni pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ge­çi­ri­len çä­re­ler ba­ra­da mag­lu­mat be­ril­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hä­zir­ki döw­rüň ta­lap­la­ry hem-de Wa­ta­ny­my­zy ös­dür­me­giň ile­ri tu­tul­ýan stra­te­gik ugur­la­ry ka­zy­ýet-hu­kuk ul­ga­my­nyň mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ni şert­len­dir­ýär di­ýip bel­le­di.

Bu ul­gam­da ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­ler dü­zü­me ber­len yg­ty­ýar­lyk­la­ryň ne­ti­je­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne ýar­dam be­rer di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ýo­ka­ry ka­zy­ýe­tiň ýol­baş­çy­sy­na bir­nä­çe gör­kez­me­le­ri ber­di.
Soň­ra mil­li howp­suz­lyk mi­nist­ri N.Ata­ga­ra­ýew ga­ral­ýan dö­wür­de ge­çi­ri­len iş­ler hem-de ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy­nyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, hal­ky­my­zyň we jem­gy­ýe­ti­mi­ziň howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek, Wa­ta­ny­my­zyň özyg­ty­ýar­ly­ly­gy­ny, kons­ti­tu­si­on gur­lu­şy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, çäk bi­te­wü­li­gi­ni go­rap sak­la­mak we­zi­pe­le­ri­niň Mil­li howp­suz­lyk mi­nistr­li­gi­niň alyp bar­ýan iş­le­ri­niň esa­sy ug­ru­dy­gy­ny bel­läp, bu ba­bat­da de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Döw­let ser­het gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy Ý.Nu­ry­ýew şu ýy­lyň dört aýyn­da ge­çi­ri­len iş­le­riň jem­le­ri, Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des çäk­le­ri­niň yg­ty­bar­ly go­ra­gy­ny üp­jün et­mek, ýur­du­my­zyň ser­het go­şun­la­ry­nyň ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň 2022–2028-nji ýyl­lar üçin Mak­sat­na­ma­sy­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan top­lum­la­ýyn çä­re­ler, ser­het ga­la­la­ry­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak, har­by gul­luk­çy­la­ryň ne­ti­je­li gul­lu­gy we my­na­syp dur­mu­şy üçin dö­re­dil­ýän şert­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, bu dü­züm ta­ra­pyn­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän uly äh­mi­ýet­li we­zi­pä, hu­su­san-da, äh­li goň­şy döw­let­ler bi­len dost-do­gan­lyk ser­he­di bo­lup dur­ýan Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des çäk­le­ri­niň el­deg­ril­me­siz­li­gi­ni üp­jün et­mek me­se­le­le­ri­ne ün­si çek­di. Bu eda­ra­nyň dü­züm bö­lek­le­ri­ni teh­ni­ki taý­dan en­jam­laş­dyr­mak, har­by gul­luk­çy­la­ryň dur­muş go­rag­ly­ly­gy ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň ha­ta­ryn­da kes­git­le­nil­di. Gün­de­lik gul­luk iş­le­rin­de iň tä­ze mag­lu­mat-teh­ni­ki se­riş­de­le­riň, ýaş ser­ker­de­le­riň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň öň­de­ba­ry­jy usul­la­ry­nyň ula­nyl­ma­gy­nyň ze­rur­dy­gy­ny bel­läp, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy dü­zü­miň ýol­baş­çy­sy­na bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Ada­lat mi­nist­ri M.Ta­ga­now 2023-nji ýy­lyň ýan­war–ap­rel aý­la­ryn­da ge­çi­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, hormatly Prezidentimiziň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­niň bar­şy, mil­li ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça taý­ýar­la­nyl­ýan tek­lip­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem iş­gär­le­riň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça yzy­gi­der­li ýag­daý­da gu­ral­ýan okuw mas­la­hat­la­ry ba­ra­da mag­lu­mat be­ril­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, he­re­ket ed­ýän ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry­ny yzy­gi­der­li sel­jer­me­giň hem-de ola­ry döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk ge­tir­me­giň şu gü­nüň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di we bu ugur­da de­giş­li gör­kez­me­le­ri ber­di.
Soň­ra Döw­let güm­rük gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy M.Hu­daý­ku­ly­ýew şu ýy­lyň dört aýyn­da ama­la aşy­ry­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, Wa­ta­ny­my­zyň ser­he­din­den geç­ýän, şol san­da bar­ha art­ýan üs­ta­şyr ýük akym­la­ry­ny ge­çir­me­gi ýe­ňil­leş­dir­mek bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len çä­re­ler, iş­gär­ler üp­jün­çi­li­gi­ni pug­ta­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, soň­ky ýyl­lar­da Wa­ta­ny­my­zyň üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­le­ri­niň mö­hüm çat­ry­gy hök­mün­de Ýew­ra­zi­ýa yk­ly­myn­da eýe­le­ýän or­nu­nyň bar­ha pug­ta­lan­ýan­dy­gy bi­len bag­ly­lyk­da, dü­zü­miň iş­gär­le­ri­niň öz­le­ri­ne ber­len yg­ty­ýar­lyk­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne jo­gap­kär­li çe­me­le­şip, güm­rük ser­he­din­den geç­ýän ha­ryt­la­ra we ulag se­riş­de­le­ri­ne bil­di­ril­ýän ta­lap­la­ryň ber­jaý edi­li­şi­ne berk gö­zeg­çi­li­gi ama­la aşyr­ma­ly­dyk­la­ry­ny nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz güm­rük amal­la­ry­nyň he­re­ket ed­ýän hal­ka­ra ka­da­la­ra hem-de de­giş­li mil­li ka­nun­çy­ly­ga la­ýyk­lyk­da res­mi­leş­di­ril­me­gi­niň mö­hüm­di­gi­ni aý­dyp, gul­lu­gyň ýol­baş­çy­sy­na iş­gär­le­riň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ýö­ri­te okuw­la­ry yzy­gi­der­li esas­da gu­ra­mak ba­ra­da anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Döw­let mig­ra­si­ýa gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy B.Wol­sa­ha­tow ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri bu dü­zü­miň ösüş mak­sat­na­ma­sy­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len al­nyp bar­lan top­lum­la­ýyn çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem san­ly ul­ga­my we bu ul­gam­da dün­ýä tej­ri­be­si­ni or­naş­dyr­ma­gyň ha­sa­by­na iş­gär­le­riň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, eda­ra­nyň mad­dy-teh­ni­ki üp­jün­çi­lik bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak iş­le­ri­niň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Belent Serkerdebaşysy ha­sa­ba­ty diň­läp, gul­lu­gyň işi­ni mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­me­giň, mig­ra­si­ýa ul­ga­myn­da öň­de­ba­ry­jy iş tej­ri­be­si­niň iş­jeň öw­re­nil­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Bu ugur­da ge­çi­ril­ýän amal­la­ryň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, iň tä­ze ýö­ri­te mak­sat­na­ma­la­ry iş­jeň ulan­mak ge­rek di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz eda­ra­nyň ýol­baş­çy­sy­na dü­zü­miň iş­gär­le­ri­niň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gy, ola­ryň öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri dürs ýe­ri­ne ýe­ti­ri­şi­ni he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na berk yg­rar­ly­dy­gy­ny tas­syk­la­dy. Türk­me­nis­tan dün­ýä­niň ýurt­la­ry hem-de halk­la­ry bi­len dost­luk­ly, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny alyp bar­ýar di­ýip, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy bu ýö­rel­ge­ler­den ugur al­mak bi­len, Wa­ta­ny­my­zyň Har­by dokt­ri­na­sy­nyň di­ňe go­ra­nyş hä­si­ýe­ti­ne eýe­di­gi­ni bel­le­di. Şun­dan ugur al­nyp, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň dü­züm­le­ri­ni mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek iş­le­ri dur­mu­şa ge­çi­ri­ler, döw­le­ti­mi­ziň go­ra­nyş uky­by ber­ki­di­ler, har­by gul­luk­çy­la­ryň, ola­ryň maş­ga­la ag­za­la­ry­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş we gul­luk şert­le­ri yzy­gi­der­li go­wu­lan­dy­ry­lar.
Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­de beý­le­ki me­se­le­le­re-de ga­ral­dy.