Hytaý-ykdysadyýetiniň ösüş depgininiň dikelmegi netijesinde Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlarynyň jemi içerki önümi şu ýyl 4,8% öser. Bu barada Aziýa Ösüş Bankynyň hasabatynda aýdylýar.
Hasabatda Aziýa-Ýuwaş umman ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň şu ýylky jemi ösüşiniň geçmişdäki görkezijilerden has ýokary boljakdygy bellenilýär. Şeýlelikde, 2022-nji ýylda sebitdäki döwletleriň ykdysadyýeti ortaça 4,2% ösdi.
Şu ýyl Hytaýyň jemi içerki önüminiň ösüşi 5% bolar diýlip çaklanylýar. Pandemiýa sebäpli öň girizilen çäklendirmeleriň ýatyrylmagy muňa ýardam berer. Aziýa Ösüş Banky Hytaý ykdysadyýetiniň ösüş depgininiň Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde söwda we syýahatçylygyň ösüşine oňyn täsir edýändigini belleýär. Şeýle hem, bank şu ýyl Hindistanyň jemi içerki önüminiň 6,4%, Indoneziýanyň – 4,8%, Taýlandyň – 3,3% ösjekdigini çaklaýar.