Sa­çy ýuw­mak we gu­rat­mak gün­de­lik işiň bir bö­le­gi­ni dü­züp, sa­ça ideg et­mek­de dog­ry usul­la­ry ulan­mak esa­sy şert­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar. Sa­çyň gör­nü­şi­ne, uzynlygyna ýa-da gys­ga­ly­gy­na gö­rä ideg et­me­giň usul­la­ry hem dür­lü­çe bol­ýar.
Köp ýuw­mak zy­ýan­ly­my?
Sa­çy aşa köp ýuw­mak hem-de su­wuň aşa­gyn­da köp sak­la­mak onuň ze­per­len­me­gi­ne ge­ti­rip bil­ýär. Çyg­ly saç gu­ry saç ýa­ly berk bol­man, güý­jü­ni ýi­tir­ýär. Sa­çyň esa­sy­ny düz­ýän we sa­çyň reň­ki­ni eme­le ge­tir­ýän kor­teks mad­da­sy aşa çyg­ly­lyk ýag­da­ýyn­da dü­zü­mi­ni üýt­ge­dip, sa­çyň dö­wül­me­gi­ne we düş­me­gi­ne ge­tir­ýär. Suw saç­da­ky ke­ra­ti­niň gow­şak wo­do­rod bag­la­ny­şy­gy­ny eme­le ge­tir­ýär. Ke­ra­tin sa­çyň çe­ýe we sag­dyn bol­ma­gyn­da mö­hüm orun eýe­le­ýän be­lok bo­lup, sa­çyň go­rag di­wa­ry bo­lup hyz­mat ed­ýär. Bi­ler­men­le­riň bel­le­me­gi­ne gö­rä, be­lok bag­la­ny­şy­gy gu­ry saç­da çyg­ly saç bi­len de­ňeş­di­ri­len­de has berk­dir. Bi­ler­men­ler düz­gün bol­şy ýa­ly, sa­çy iki-üç gün­den bir ge­zek ýuw­ma­gy mas­la­hat ber­ýär­ler. Bu ýag­daý sa­çyň gör­nü­şi­ne gö­rä üýt­gäp hem bi­ler.
Sa­çy dür­li usul­da gu­ra­dyp bo­lar. Ýö­ne ýal­ňyş usul­lar sa­çyň düş­me­gi­ne we za­ýa­lan­ma­gy­na ge­ti­rip bi­ler. Ge­liň, sa­çy gu­rat­ma­gyň kä­bir usul­la­ry bi­len ta­nyş bo­la­lyň!
Ho­wa­da gu­rat­mak. Bu usul­da hiç hi­li en­jam­ ulan­maz­dan, saç ýy­ly ho­wa­da gu­ra­dyl­ýar. Iň go­wy usul­la­ryň bi­ri hasaplanýan bu usul­da sü­pür­giç ar­ka­ly sa­çyň çy­gy aýrylyp, soň­ra saç er­kin ýag­daý­da goý­be­ril­ýär. Gör­nü­şi­ne, uzynlygyna ýa-da gys­ga­ly­gy­na bag­ly­lyk­da, saç 30 mi­nut­dan 2-3 sa­ga­dyň do­wa­myn­da ho­wa­da do­lu­ly­gy­na gu­ra­ýar. Bu usul te­bi­gy ýag­daý­da ama­la aşy­ry­lyp, sa­çyň ze­per­len­me­gi­niň öňü­ni al­ýar.
Sü­pür­giç bi­len gu­rat­mak. Köp ula­nyl­ýan usul­la­ryň bi­ri hem sa­çy sü­pür­giç ar­ka­ly gu­rat­mak­dyr. Em­ma bu usul­da aşa köp sür­tül­me se­bäp­li sa­çyň berk­li­gi­ne ze­per ýe­tip bi­ler. Şeý­le hem sa­çyň dö­wül­me­gi­ne ge­ti­rmegi mümkin. Bi­ler­men­ler ham­mam sü­pür­gi­ji­ni di­ňe sa­çyň su­wu­ny aýyr­mak üçin ulan­ma­gy mas­la­hat ber­ýär­ler. Eger-de yzy­gi­der­li sü­pür­giç ula­nyl­ýan bol­sa, on­da sa­ça nem­len­di­ri­ji krem­le­ri çal­ma­ly.
Saç gu­ra­dy­jy en­jam bilen gu­rat­mak. Saç gu­ra­dy­jy­ny ulan­mak – saç­da­ky su­wy çalt­lyk bi­len aý­ryp gu­rat­mak aja­ýyp usul­la­ryň bi­ri­dir. Ýö­ne bu usul­da eme­li ýy­ly­lyk sa­ça ep-es­li de­re­je­de tä­sir edip, onuň ze­per­len­me­gi­ne we wag­tyň geç­me­gi bi­len düş­me­gi­ne ge­tir­ýär.
Mas­la­hat­lar:
Saç ýuw­lan­dan soň, kel­le­den baş­lap sa­çyň uju­na çen­li ar­tyk­maç su­wy ­sykyp aýyr­ma­ly. Suw dam­ja­la­ry dam­ma­gy­ny bes eden­den soň, sa­çy sü­pür­giç bi­len sü­pür­me­li. Sü­pür­gi­ji ýu­waş­lyk bi­len gy­syp, sa­çyň ara­syn­da­ky dam­ja­la­ry çek­dir­me­li. Eger-de saç uzyn bol­sa, sü­pür­gi­ji bi­raz ör­tüp goý­mak hem bo­lar. Ýö­ne bu usuly 20 mi­nut­dan köp ulanmaly däl. Çyg­ly sü­pür­gi­ji uzak wagt­lap saça ör­tüp goý­mak zy­ýan­ly­dyr. Saç gu­rat­mak­da çyg­ly­ly­gy özü­ne go­wy çek­ýän ýum­şak sü­pür­giç­le­ri ulan­mak has peý­da­ly­dyr.