Lýudowit Odor Slowakiýanyň täze premýer-ministri wezipesine bellener. Bu barada Respublikanyň Prezidenti Zuzana Çaputowa habar berdi.
Ol: – Täze Premýer-ministr hökmünde Slowakiýanyň Milli bankynyň başlygynyň orunbasary Lýudowit Odor bellener – diýdi.
Mundan öň Premýer-ministriň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Eduard Heger işinden çekiljekdigini mälim edipdi. Kanuna laýyklykda, onuň bilen birlikde Ministrler Kabinetiniň ähli agzalary hem işinden çekiler.
Çaputowa ýene-de bir hepdeden syýasy partiýalar tarapyndan hödürlenmedik işgärlerden ybarat hökümeti düzüp başlajakdygyny aýtdy. Prezident eýýäm täze ministrleriň sanawyny düzdi, ýöne häzirlikçe olaryň atlaryny mälim etmekden saklanýar. Ministrler Kabineti resmi taýdan döredilýänçä, onuň wezipelerini Hegeriň hökümeti ýerine ýetirer.
Çaputowa, döretmek isleýän hökümetiniň 30-njy sentýabrda Respublikada geçiriljek nobatdan daşary parlament saýlawlaryndan öň Slowakiýany “üstünlikli durnuklaşdyrjakdygyna” ynam bildirdi.