Şu ýy­lyň mart aýyn­da uçar ýo­lag­çy­la­ryn­dan alyn­ýan gir­de­ji­niň ar­tan­dy­gy ha­bar be­ril­di. Hal­ka­ra Awia­si­ýa Bi­le­le­şi­gi (IATA) ta­ra­pyn­dan taý­ýar­la­nan mag­lu­mat­da uçar ýo­lag­çy­la­ryn­dan ge­çen ýo­ly ha­sa­ba al­nan­da­ky gir­de­ji­si­niň hal­ka­ra gat­naw­lar­da 68,9 gö­te­rim, ýer­li gat­naw­lar­da 34,1 gö­te­rim ar­tan­dy­gy bel­le­nil­ýär.
Glo­bal ýo­lag­çy gat­na­wy şu ýy­lyň üçün­ji aýyn­da ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rün­dä­ki­den 52,4 gö­te­rim ar­typ, “Covid-19” pan­de­mi­ýa­syn­dan ozal­ky, ýag­ny 2019-njy ýyl­da­ky­nyň 88 gö­te­ri­mi­ne ýe­tip­dir.
Şeý­le­lik­de, mart aýyn­da dün­ýä­de ýo­lag­çy sa­ny ar­typ­dyr. Ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, her ki­lo­metr üçin ýo­lag­çy gir­de­ji­si­niň ar­tan­dy­gy, hal­ka­ra sy­ýa­hat­lar­da 68,9 gö­te­rim, içer­ki gat­naw­lar­da, 34,1 gö­te­rim ar­typ­dyr.
Ýy­lyň ba­şyn­da Hy­taý­da pan­de­mi­ýa çäk­len­dir­me­le­ri­niň ýa­ty­ryl­ma­gy we sy­ýa­hat et­mä­ge de­giş­li çäk­len­dir­me­le­riň ýe­ňil­leş­di­ril­me­gi içer­ki we hal­ka­ra gat­na­wyň di­kel­me­gi­ne ge­tir­di. Esa­san hem, Azi­ýa-Ýu­waş um­ma­ny se­bi­tin­dä­ki awia­kom­pa­ni­ýa­la­ryň hal­ka­ra gat­naw­la­ryn­da­ky ýo­lag­çy­la­ry­nyň sa­ny art­dy.
Ýo­lag­çy­la­ryň ho­wa gä­mi­si bi­len ge­çen her ki­lo­met­rin­den alyn­ýan tö­le­gi­niň aý­ra­tyn ha­sap­lan­ýan ul­ga­my hem bar. Bu mag­lu­mat awia­si­ýa­da ýo­lag­çy­nyň ge­çen ýo­ly hem-de ýo­lag­çy sa­ny ha­sa­ba al­nyp taý­ýar­lan­ýar. Bu ne­ti­je bi­len äh­li ýo­lag­çy­la­ryň ge­çen or­ta­ça ýo­lu­ny anyk­lap bol­ýar.

Me­det Gai­pow, Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.