9-njy iýulda Özbegistanda nobatdan daşary Prezident saýlawlary geçiriler. Bu barada döwlet Baştutanynyň metbugat sekretary Şerzod Asadow mälim etdi. – Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň karary bilen ýurtda nobatdan daşary Prezident saýlawlary şu ýylyň 9-njy iýulynda meýilleşdirilýär – diýip, Asadow belledi.
Özbegistanyň döwlet Baştutany parlamentiň iki palatasynyň başlyklary we ýurduň jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda çykyş edip, nobatdan daşary Prezident saýlawlarynyň zerurdygyny belledi. Onuň pikiriçe, bu Konstitusiýa özgertmeleri ýurduň häkimiýetleriniň öňünde goýlan syýasy, durmuş we ykdysady meseleleriň gaýragoýulmasyz işi bilen baglanyşyklydyr.
Mirziýoýew golaýda Özbegistanda nobatdan daşary Prezident saýlawlaryna geçirmäge ygtyýar berýän kanuna gol çekdi. Resminama Mejlisiň Kanun çykaryjy (aşaky) palatasy tarapyndan kabul edildi, Senat (ýokarky palata) tarapyndan makullandy we 8-nji maýda güýje girdi.
30-njy aprelde Özbegistanda Prezidentiň möhletiniň bäş ýyldan ýedi ýyla çenli uzaldylmagyny göz öňünde tutýan we Mirziýoýewe yzygiderli iki möhletden soň bu wezipä gaýtadan saýlanmagyna mümkinçilik berýän Konstitusiýanyň täze görnüşi boýunça ählumumy referendum geçirildi. MSK-niň maglumatlaryna görä, referenduma gatnaşanlaryň sany 84,54%-den ýa-da 16,6 milliondan gowrak adamdan ybarat boldy. Olardan 15 milliondan gowrak adam (90,21%) Konstitusiýanyň rejelenen görnüşine ses berdi.
65 ýaşly Mirziýoýew 1989-njy ýyldan bäri ýurda ýolbaşçylyk eden ozalky lider Yslam Karimow aradan çykandan soň 2016-njy ýylda möhletinden öň geçirilen saýlawlarda Prezident saýlandy. Şol saýlawlarda Mirziýoýew sesleriň 88,61%-ini gazandy. 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda geçirilen Prezident saýlawlarynda bolsa, Mirziýoýew 80,12% ses alyp, ikinji möhlete saýlandy.