Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň (ŞHG) gep­le­şik bo­ýun­ça hyz­mat­da­şy de­re­je­si­ne eýe bol­dy. Bu ba­ra­da BAE-niň ha­bar gul­lu­gy ha­bar ber­di.
Onuň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, gu­ra­ma­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň 4-5-nji maý­da Hin­dis­tan­da bo­lup ge­çen du­şu­şy­gy­nyň çäk­le­rin­de BAE-niň gep­le­şik bo­ýun­ça hyz­mat­da­şy hök­mün­de bir­le­şi­giň işi­ne gat­naş­ma­gy­ny göz öňün­de tut­ýan öza­ra dü­şü­niş­mek ba­ra­da­ky me­mo­ran­du­ma gol çe­kil­di. Bu res­mi­na­ma ŞHG-niň Baş sek­re­ta­ry Çžan Min we BAE-niň Hin­dis­tan­da­ky il­çi­si Ab­del Na­ser al-Şaa­li gol çek­di. Agent­li­giň bel­leý­şi ýa­ly, gep­le­şik bo­ýun­ça hyz­mat­daş de­re­je­si­niň be­ril­me­gi “BAE-niň beý­le­ki ýurt­lar we hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len de­ňag­ram­ly hyz­mat­daş­ly­gy sak­la­mak we ös­dür­mek ug­run­da­ky yzy­gi­der­li ta­gal­la­la­ry­ny gör­kez­ýär”.
BAE-niň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Şeýh Ab­dal­la ben Za­ýid Al Na­ha­ýan “umu­my mak­sat­la­ra ýet­mek üçin ýurt­la­ryň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy güýç­len­dir­mek­de şeý­le bir­le­şik­le­riň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­ti­ni” bel­läp ge­çip, ŞHG-niň Ýew­ra­zi­ýa­da­ky sy­ýa­sy dur­nuk­ly­ly­gy we yk­dy­sa­dy ösü­şi üp­jün et­mek­dä­ki äh­mi­ýe­ti­ne ün­si çek­di. “Öňü­miz­dä­ki dö­wür­de BAE ŞHG-niň işi­ne iş­jeň gat­naş­ma­ga we ag­za döw­let­ler bi­len gat­na­şy­gy ber­kit­mä­ge ça­ly­şar. Biz glo­bal tä­si­ri we äh­mi­ýe­ti art­ýan gu­ra­ma­nyň hyz­mat­da­şy bol­mak­dan ho­şal” di­ýip, agent­lik mi­nist­riň söz­le­ri­ne sal­gy­lan­dy.
ŞHG-ä ag­za ýurt­la­ryň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň ge­ňe­şi­niň mej­li­si 4-5-nji maý­da bu gu­ra­ma ýol­baş­çy­lyk ed­ýän Hin­dis­ta­nyň gü­nor­ta­syn­da­ky Goa şta­ty­nyň paý­tag­ty – Pa­na­ji şä­he­rin­de ge­çi­ril­di.
ŞHG-ni dö­ret­mek ba­ra­da­ky jar­na­ma 2001-nji ýy­lyň iýun aýyn­da Şan­haý­da al­ty döw­let – Rus­si­ýa, Ga­za­gys­tan, Gyr­gy­zys­tan, Hy­taý, Tä­ji­gis­tan we Öz­be­gis­tan gol çek­di. Hä­zir­ki wagt­da bu gu­ra­ma Hin­dis­tan we Pa­kis­tan hem gir­ýär. Syn­çy döw­let­ler – Ow­ga­nys­tan, Be­la­rus, Eý­ran we Mon­go­li­ýa, gep­le­şik bo­ýun­ça hyz­mat­daş­la­ry – Azer­baý­jan, Er­me­nis­tan, Kam­bo­ja, Ne­pal, Tür­ki­ýe we Şri-Lan­ka. ŞHG-niň 2021-nji ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da Du­şan­be şä­he­rin­de ge­çi­ri­len sam­mi­tin­de Eý­ra­ny bu gu­ra­ma ka­bul et­me­giň ter­ti­bi baş­lan­dy. Şu ýyl Be­la­rus ŞHG-ä do­ly ag­za bol­mak üçin res­mi taý­dan ýüz tut­dy.