Şu gün Duşenbede bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täjik halkynyň milli gahrymany Ismoil Somoniniň ýadygärligine gül goýdy.
«Dusti» meýdançasynda ýerleşýän ýadygärlik toplumyna gelende, hormatly Prezidentimizi Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Döwlet Baştutanymyz Ismoil Somoniniň keşbini ebedileşdiren ýadygärlige gül dessesini goýup, görnükli döwlet işgäri hem-de hökümdaryň — Samany döwletini esaslandyryjynyň hakydasyny hatyralady.
«Dostluk meýdançasy» diýmegi aňladýan «Dusti» meýdançasy Duşenbäniň merkezinde ýerleşip, onuň çägindäki beýik gahryman Ismoil Somoniniň hormatyna dikilen ýadygärlik paýtagtyň esasy nyşany hasaplanýar. Samanidler döwletiniň esaslandyrylmagynyň 1100 ýyllygy mynasybetli 1999-njy ýylda gurlan bu ýadygärligiň göni arkasynda ýerleşýän bina bilen bilelikdäki umumy beýikligi 43 metre deňdir. Samany döwletini esaslandyran Emir Somoni bürünçden ýasalan heýkelinde kellesi täçli, elinde Günüň şöhlesi şekilindäki altyn hasany göterip duran görnüşde suratlandyrylypdyr. Ýedi ýyldyz bilen bezelen täçdir hasa bolsa täjik döwletliliginiň esasy nyşanlarydyr.