Şu gün – 10-njy maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna iki günlük döwlet saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary ýörite meýilnama esasynda bu ýerde bilim alýan türkmen ýaşlary bilen duşuşdylar. Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda ýaşlaryň jemgyýetiň iň işjeň bölegini düzýändigi, hut şonuň üçin-de, täze başlangyçlarda, uly ädimlerde, geljegi nazarlaýan beýik işlerde ýaşlara aýratyn ynam bildirilip, «Ýaşlar jemgyýetiň gülüdir» diýilýändigi bellenildi. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly döwlet syýasatynda hem ýaşlar meselesine uly üns berlip, döwlet ýaşlar syýasaty yzygiderli ösdürilýär, kämilleşdirilýändigini bellediler. Üstümizdäki ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Şoňa görä-de, daşary ýurtlarda, şol sanda dostlukly ýurtda bilim alýan ýaşlara bildirilýän ynamyň uludygy aýdylyp, olaryň hünär bilimleriniň hakyky eýeleri bolup, geljekde ata Watanymyzy gülledip ösdürmäge mynasyp goşant goşmaklary arzuw edildi.
Täsirli hem-de ýakymly pursatlara baý bolan duşuşygyň dowamynda türkmenistanly ýaşlara ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň rus dilindäki neşirini, türkmen tahýasyny hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Arkadagly ýaşlar» atly elektron žurnalynyň neşir edilen täze sanyny gowşurdylar. Sowgatlary hoşallyk duýgusy bilen kabul eden Täjigistanda hünär bilimini alýan türkmen ýaşlary özleriniň okap, bilim almaklary, şeýle hem pederlerimizden gelýän ýörelgeleriň mynasyp dowam etdirilmegi ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuwladylar.
Bu barada «Nesil» gazetiniň elektron nusgasynda habar berilýär.