8-nji maýda Täjigistanyň Milli kitaphanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň Işewürler geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi.
Iki ýurduň wekiliýetlerine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Rejepow we Täjigistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Jumahonzoda ýolbaşçylyk etdiler.
Bu çäräniň maksady, ilkinji nobatda, işewürler toparlarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmakdan, iki ýurduň döwlet we hususy pudaklarynyň arasynda ileri tutulýan ugurlarda söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekden ybaratdyr.
Çykyşlaryň dowamynda bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň we Täjigistanyň Işewürler geňeşiniň birinji mejlisi taraplaryň arasynda pugta hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin täze mümkinçilik bolup, ikitaraplaýyn gün tertibiniň ähli ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge hyzmat edýär.
Işewürler geňeşiniň mejlisine gatnaşyjylar bilelikdäki işewürlik gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmagyň möhümdigi barada umumy pikiri beýan etdiler.