10-11-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynda döwlet saparynda boldy.
Ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi
Duşenbe şäheriniň gözel künjeginde ýerleşýän «Kasri Millat» köşgünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda ikiçäk görnüşde ýokary derejedäki türkmen-täjik gepleşikleri geçirildi.
Prezident Emomali Rahmon belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Duşenbe şäherinde kabul edýändigine tüýs ýürekden şatdygyny nygtady. Täjik Lideri döwlet Baştutanymyzyň saparynyň dostluk we doganlyk däpleri esasynda ýola goýlan türkmen-täjik gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň hem-de ösdürmegiň ýolunda täze, möhüm ädimi alamatlandyrjakdygyna ynam bildirdi. Şu ýyl biziň ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýandygy bellärliklidir. Nygtalyşy ýaly, Täjigistan netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, onuň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna ygrarlydyr.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistana gelmäge çakylyk we bildirilen myhmansöýerlik üçin Prezident Emomali Rahmona minnetdarlygyny beýan etdi hem-de dörän mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň täjik Liderine mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Täjigistan Respublikasyna şu gezekki döwlet saparynyň iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllyk ýubileý ýylyna gabat gelmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Şol geçen ýyllaryň dowamynda döwletlerimiz syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda depginli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň binýadyny yzygiderli pugtalandyryp gelýärler. Taraplaryň bilelikdäki tagallasy netijesinde uly üstünlikler gazanyldy. Munuň özi halkara giňişlikdäki hyzmatdaşlykda hem öz beýanyny tapýar. Türkmenistan we Täjigistan halkara gün tertibiniň meselelerinde birek-birege goldaw berýärler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu gepleşikleriň strategik häsiýete eýe bolan türkmen-täjik hyzmatdaşlygyna täze itergi berjekdigine, döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etjekdigine ynam bildirip, Prezident Emomali Rahmony özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.
Ynanyşykly we işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy, häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, onuň esasy ugurlary kesgitlenildi. Şunda Türkmenistanyň we Täjigistanyň bar bolan uly kuwwaty, iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagy we diwersifikasiýalaşdyrmagy maksat edinýändikleri tassyklanyldy. Şeýle hem taraplar sebit we ählumumy gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.
Soňra gepleşikler Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.
Duşuşykda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow hem-de Emomali Rahmon ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de baýlaşdyrmagyň doganlyk halklarymyzyň bähbitlerine laýyk gelýändigini we bu saparyň strategik hyzmatdaşlyk formatynda döwletara gatnaşyklaryna täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler. Hususan-da, halkara düzümleriň çäklerindäki syýasy dialogy işjeňleşdirmek, Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmak boýunça tagallalary utgaşdyrmak, ekologiýa we howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy hereket etmek, sebitiň suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak, Aral meselesini çözmekde bilelikdäki işleri has-da ilerletmek ýaly ugurlar türkmen-täjik gepleşikleriniň esasyny düzdi. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň sentýabrynda Täjigistanyň paýtagtynda geçiriljek ýokary derejeli çäreleriň ikisiniň – Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň hem-de Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Liderleriniň sammitiniň ähmiýetine ünsi çekip, türkmen tarapynyň dostlukly ýurduň bu ugurdaky tagallalaryny doly goldaýandygyny belledi. Şeýle-de, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň, gurluşyk we himiýa, azyk, dokma, derman senagatynyň, oba hojalyk ulgamynyň önümleriniň, beýleki harytlaryň söwdasy babatda Täjigistan bilen hyzmatdaşlygy ep-esli derejede giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy. Taraplar ýangyç-energetika, ulag, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlary geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezip, anyk teklipleri beýan etdiler.
Magtymguly Pyragy adyndaky umumybilim berýän mekdebiň düýbi tutuldy
Giňeldilen düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra iki döwletiň Baştutanlary göni aragatnaşyk arkaly Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň binasynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdylar.
2022-nji ýylyň 9-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz 540 orunlyk okuw edarasynyň binalar toplumyny gurmak hakynda Karara gol çekdi. Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda bu barada degişli ylalaşyk gazanyldy. Şeýle çözgüt ikitaraplaýyn ynsanperwer gatnaşyklary geljekde-de pugtalandyrmak we giňeltmek, medeniýetleriniň, däp-dessurlarynyň, ruhy gymmatlyklarynyň umumylygy bilen baglanyşan halklarymyzyň arasynda dostluga, özara düşünişmäge ýardam bermek maksady bilen kabul edildi.
Umuman, bilim ulgamy strategik häsiýetli türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz böleginiň biridir. Ýurtlaryň ikisinde-de bilim ulgamynyň ösdürilmegine, innowasion usulyýetleriň hem-de tehnologiýalaryň esasynda olaryň kämilleşdirilmegine möhüm üns berilýär. Bu gün bolsa täjik topragynda beýik türkmen şahyry, akyldary we filosofy, tutuş ömrüni, döredijiligini ynsanperwerlik, watançylyk taglymlarynyň berkarar bolmagyna, halklaryň dost-doganlygynyň berkidilmegine bagyş eden Magtymguly Pyragynyň adyny göterjek umumybilim berýän mekdebiň gurluşygyna girişilýär.
Dabaranyň geçirilýän ýerinde hormatly ýaşulular we kümüş saçly eneler, Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň resmi wekiliýetleriniň agzalary, jemgyýetçilik wekilleri ýygnandylar. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon umumybilim berýän orta mekdebiň düýbüni tutmaga ak pata berdiler.
Ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi
Soňra «Kasri Millat» köşgünde ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Dabarada dürli ylalaşyklaryň we ähtnamalaryň 24 sanysyna gol çekildi.
Şeýle-de, Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekdiler. Bu möhüm resminamada iki döwletiň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn derejede köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeň ösdürmäge, halkara guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlydyklary tassyklanylýar. Nygtalyşy ýaly, türkmen-täjik gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi hem-de çuňlaşdyrylmagy iki ýurduň düýpli bähbitlerine laýyk gelmek bilen, olaryň gülläp ösmegine, sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam eder. Jarnamada Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga, iki doganlyk halkyň abadançylygynyň bähbidine ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga berk ygrarlydygy bellenilýär.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Hormatly Prezidentimiz döwlet saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň we Milli Majlisiniň Başlyklary bilen hem duşuşdy.