Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eýýamynyň Galkynyşy döw­rün­de hormatly Prezidentimiziň baş­tu­tan­ly­gyn­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň mö­hüm pu­dak­la­ryn­da, şol san­da ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar ul­ga­myn­da Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­ne, hal­ky­my­zyň dur­muş de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len oňyn öz­gert­me­ler yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bi­ziň ýur­du­myz Ýew­ro­pa, Azi­ýa-Ýu­waş um­ma­ny we Gü­nor­ta Azi­ýa se­bit­le­ri­niň yk­dy­sa­dy ul­gam­la­ry­nyň öza­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň trans­kon­ti­nen­tal yk­dy­sa­dy köp­rü­si­niň we­zi­pe­si­ni ýe­ri­ne ýe­tir­ýär.

Şo­nuň üçin bu ba­bat­da «Gün­do­gar–Gün­ba­tar» we «De­mir­ga­zyk–Gü­nor­ta» ge­çel­ge­le­rin­de ýol­la­ry bir­leş­dir­ýän esa­sy ugur­lar bo­ýun­ça mil­li dü­zü­mi has-da gi­ňelt­mek mö­hüm we­zi­pe­ler hök­mün­de kes­git­len­di.
Türk­me­nis­ta­nyň yk­ly­myň esa­sy ýol­la­ry­nyň çat­ry­gyn­da ge­og­ra­fik ýag­da­ýy­nyň ar­tyk­maç­lyk­la­ry ýük da­şa­ly­şy­nyň we ýo­lag­çy gat­na­dy­ly­şy­nyň, şol san­da bi­ziň ýur­du­my­zyň çäk­le­rin­den geç­ýän üs­ta­şyr ugur­la­ryň art­ýan möç­ber­le­ri­ni üp­jün et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­ga­my­ny ös­dür­mek, de­mir ýol, aw­to­mo­bil, de­ňiz, ho­wa ulag­la­ry­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça giň möç­ber­li mil­li mak­sat­na­ma­la­ry, şeý­le hem he­re­ket ed­ýän ulag ge­çel­ge­le­ri­ni gi­ňelt­mek we tä­ze­le­ri­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça gel­je­gi uly me­ýil­na­ma­la­ry ama­la aşyr­ýar. Bi­ziň döw­le­ti­mi­ziň üs­ta­şyr gat­naw­lar lo­gis­ti­ka­syn­da müm­kin­çi­lik­le­ri­niň ge­ri­mi işe gi­ri­zi­len Ga­za­gys­tan–Türk­me­nis­tan–Eý­ran hem-de Ker­ki–Ymam­na­zar (Türk­me­nis­tan)–Aki­na (Ow­ga­nys­tan) hal­ka­ra de­mir ýol ulag ge­çel­ge­le­ri­ni, Amy­der­ýa­nyň üs­tün­den geç­ýän de­mir ýol we aw­to­mo­bil köp­rü­le­ri­ni, ho­wa men­zil­le­ri­ni, döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýan ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýol­la­ry­ny na­za­ra ala­nyň­da, aý­ra­tyn tä­sir gal­dyr­ýar.
Ulag lo­gis­ti­ka­sy ama­la aşy­ry­lan­da ulag gör­nüş­le­ri­niň we amat­ly ug­ruň dog­ry saý­la­ny­lyp alyn­ma­gy, ýük­le­riň öz wag­tyn­da çalt we ar­zan aly­ja gow­şu­ryl­ma­gy­na tä­sir ed­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ulag lo­gis­ti­ka­sy – ulag ul­ga­my­nyň äh­li ugur­la­ry­ny özün­de jem­le­ýän, yk­dy­sa­dy pu­dak­la­ry bag­la­nyş­dyr­ýan dü­şün­je­dir.
Ýur­du­myz­da ulag ul­ga­my­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­na yzy­gi­der­li üns be­ril­ýär. Türk­me­nis­tan dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň do­ly hu­kuk­ly ag­za­sy bo­lup, ulag ba­bat­da bir­nä­çe hal­ka­ra kon­wen­si­ýa­la­ry­na we yla­la­şyk­la­ry­na gat­na­şyp, mö­hüm res­mi­na­ma­la­ryň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ryn­dan ge­lip çyk­ýan hal­ka­ra borç­na­ma­la­ry­na gy­şar­nyk­syz eýer­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­z ýur­du­myz­da ulag top­lu­my­na de­giş­li des­ga­la­ry gur­mak hem-de hal­ka­ra üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de dö­re­dil­ýän lo­gis­tik mer­kez­le­riň işi­ni yl­my esas­da gu­ra­mak we­zi­pe­le­ri­ni öň­de goý­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, lo­gis­ti­ka mad­dy akym­la­ryň we ola­ra ugur­daş mag­lu­mat we ma­li­ýe akym­la­ry­nyň il­kin­ji çeş­me­le­rin­den ahyr­ky sarp edi­jä çen­li gi­ňiş­lik­de we wagt bo­ýun­ça he­re­ke­ti­ni me­ýil­na­ma­laş­dyr­mak, gu­ra­mak, do­lan­dyr­mak we gö­zeg­çi­lik et­mek ba­ra­da­ky ylym­dyr.
Yk­dy­sa­dy ylym hök­mün­de we te­le­ke­çi­lik gu­ra­ly hök­mün­de lo­gis­ti­ka ХХ asy­ryň 50-nji ýyl­la­ry­nyň ba­şyn­da, il­ki ABŞ-da eme­le ge­lip ug­ra­dy. Dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ön­dü­ri­ji­niň ba­za­ryn­dan sarp edi­ji­niň ba­za­ry­na kem-kem­den geç­me­gi­niň ne­ti­je­si hök­mün­de mar­ke­ting kon­sep­si­ýa­sy­nyň ke­ma­la gel­me­gi lo­gis­ti­ka­nyň yk­dy­sa­dy­ýet­de peý­da bol­ma­gy­ny dü­şün­dir­ýän esa­sy fak­tor bol­dy. Lo­gis­ti­ka­nyň ösü­şi, il­ki bi­len, yk­dy­sa­dy hä­si­ýet­dä­ki se­bäp­ler, il­kin­ji no­bat­da bol­sa, ön­dü­ri­ji­niň ba­za­ryn­dan sarp edi­ji­niň ba­za­ry­na ge­çil­me­gi bi­len bag­ly­dyr. Lo­gis­ti­ka ba­za­ra gat­na­şy­jy­la­ryň ara­syn­da mö­hüm bag­laý­jy hal­ka bol­dy.
Hä­zir­ki wagt­da lo­gis­ti­ka işiň dür­li ugur­la­ryn­da, ýag­ny te­le­ke­çi­lik­de, döw­let bö­le­gin­de (sek­to­ryn­da), şä­her ho­ja­ly­gyn­da, ulag we söw­da inf­rast­ruk­tu­ra­la­ryn­da, se­na­gat­da, oba ho­ja­ly­gyn­da, sy­ýa­hat­çy­lyk­da, gur­lu­şyk­da we beý­le­ki ugur­lar­da peý­da­la­nyl­ýar.

Di­dar ÇA­RY­ÝEW,
Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.