Agzybir halkymyz Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda döredijilikli zähmet çekýär. Şeýle tutanýerli zähmetiň netijesinde Garaşsyz döwletimiziň ykdysady kuwwaty ýylsaýyn ýokarlanýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen işler il-günümiziň döwletli döwranyň hözirini görüp ýaşamagyna ýardam edýär. Şeýlelikde, täze taryhy eýýamymyzda ata Watanymyz behişdi mekana öwrülýär.
Milli Liderimiziň we Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzda toplumlaýyn özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde häzirkizaman düzümleri kemala gelýär. Dürli maksatly täze binalardyr desgalar ulanylmaga berilýär.
Ýurdumyzda 2023-nji ýylyň dört aýynyň netijeleri boýunça jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,1 göterim artdy.
Bu döwürde bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,4 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi bolsa 13,2 göterim ýokarlandy. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberi, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 13,1 göterim artdy.
Maýa goýumlaryň aglaba bölegi önümçilik hem-de durmuş-medeni maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşyklaryna gönükdirilýär, şeýle hem şu serişdeleriň hasabyna ýaşaýyş jaýlarynyň, hassahanalaryň, saglyk öýleriniň we merkezleriniň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, umumybilim berýän orta mekdepleriň, medeniýet öýleriniň, suw hem-de lagym, elektrik geçirijileriň, awtomobil ýollarynyň gurulmagy durmuşymyzyň eşretlerine eşret goşýar. Önümçilige goýulýan maýa goýumlaryň netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrylýar.
Ylmyň iň täze gazananlary önümçilige ornaşdyrylýar. Täze önümleriň görnüşleri artýar. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmäge niýetlenilen iri taslamalar amala aşyrylýar. Bulardan başga-da, kiçi we orta telekeçiligi mundan beýläk-de höweslendirmek, jemi içerki önümiň möçberindäki döwlete dahylsyz bölegiň paýyny 2023-nji ýylda 71,3 göterime ýetirmek maksat edinilýär.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ýeňişli gadamlary il-günümiziň guwanjyna guwanç goşýar. Jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçýän taryhy wakalar ösüş-özgerişlerimiziň rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha artýan halkara abraýy hem türkmen halkynyň abadan ertirine tarap ak ýolunyň dowamat dowam boljakdygyna doly şaýatlyk edýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň abadançylygyny, halkymyzyň eşretli we döwrebap durmuşyny üpjün etmek barada edýän ýadawsyz aladalarynyň, amala aşyrýan işleriniň netijesinde, gözel Diýarymyzda uly üstünlikler gazanylýar. Ata-babalarymyzyň gadymy mekanynda kemala gelen Arkadag şäheri munuň aýdyň mysalydyr.
Köpetdagyň eteginiň taryhy künjeginde gurulýan Arkadag şäheri, hakykatdan-da, döwletimiziň ösüşiniň buýsançly görkezijisi bolup durýar. Bu şäher innowasion taslama bolmak bilen, «akylly» öýleri, sanly ulgamyň iň häzirki zaman ýörelgelerini, ajaýyp mümkinçilikleri özünde jemleýär.
Aýsoltan BÄŞIMOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.