9-njy maýda 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli dabaralar geçirildi.
Watansöýüjilik, gahrymanlara goýulýan sarpa asyrlaryň dowamynda bolşy ýaly, bu günki gün hem türkmen halkynyň ruhy ýörelgeleriniň biri bolup durýar. Entek baýram günleriniň öňüsyrasynda XX asyryň gazaply uruşlarynyň birinde gaýduwsyzlyk bilen söweşen, mukaddes borjy abraý bilen ýerine ýetirip, mähriban ojaklaryna dolanyp gelen weteranlarymyzy, şeýle hem tylda zähmet çeken zenanlarymyzy hormatlamak dabaralary başlandy. Her ýyl Beýik Ýeňşiň şanyna olara dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar. Halk gahrymanlary döwletimiz tarapyndan hemmetaraplaýyn üns-alada bilen gurşaldy. Weteranlaryň saglygy, olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulandyrylmagy bilen bagly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Şanly senäniň öňüsyrasynda ýurdumyzyň bilim edaralarynda uruş we zähmet weteranlary bilen duşuşyklar guraldy. Baýramyň hormatyna sergiler, aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli halkymyza iberen baýramçylyk Gutlagynda parahatçylygy, dostlugy, hoşniýetliligi dabaralandyrýan Ýeňiş gününiň şanyna geçirilýän medeni-jemgyýetçilik çäreleriniň, aýdym-sazly dabaralaryň ata-babalarymyzyň gahrymançylygyna goýulýan hormatyň, belent sarpanyň mynasyp beýanyna öwrülip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdi.
Häzirki we geljek nesilleriň nurana durmuşynyň hatyrasyna wepat bolanlary hatyralamak üçin «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna aşgabatlylaryň köp sanlysy we paýtagtymyzyň myhmanlary ýygnandylar. Türkmen halkynyň watansöýüjilik däplerini, şöhratly pederlerimiziň wesýet eden ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän ýaş harby gullukçylar hatara düzüldiler.
Toplumyň çägindäki «Milletiň ogullary» ýadygärlik binasy Watan üçin wepat bolan gahrymanlaryň, «Baky şöhrat» ýadygärlik binasy Beýik Watançylyk urşunda gurban bolanlaryň hatyrasyna bina edildi.
Halk Maslahatynyň agzalary, milli parlamentiň deputatlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, kümüş saçly eneler, zähmet toparlarynyň wekilleri, şeýle hem paýtagtymyzyň ýaşaýjylary, myhmanlary 1941–1945-nji ýyllaryň urşunda wepat bolan gahrymanlara bildirilýän çuňňur hormatyň nyşany hökmünde ýadygärligiň etegine gül desselerini goýdular. Sanlyja pursatda binanyň etegi al-ýaşyl güllerden özboluşly şekili emele getirdi. Toplumyň meýdançasynda geçirilen dabaraly ýöriş çäräniň ähmiýetini belende göterdi.
Weteranlar öz Watanyna, ýurduň Prezidentine, parahat durmuşda ýaşaýan hem-de geljekde täze ösüşlere ýetmek üçin uly mümkinçiliklere eýe bolan ýaş nesle buýsanýarlar. Sebäbi olar häzirki nesliň bagtyýar durmuşy üçin duşmana garşy söweşdiler.
Şol gün baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeginde ýaýbaňlandyryldy. Şäherleriň we obalaryň ýaşaýjylary 1941–1945-nji ýyllaryň urşunda gahrymanlarça wepat bolan Watanymyzyň edermen goragçylaryna hormatyň nyşany hökmünde milli gahrymanlaryň hatyrasyna dikeldilen ýadygärliklere gül desselerini goýdular.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda watandaşlarymyzyň deňi-taýy bolmadyk edermenligini şöhratlandyrmagyň, şol ýowuz synaglaryň gaýtalanmazlygynyň bähbidine ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän parahatçylyk söýüjilikli syýasat uruş weteranlaryna goýulýan iň belent sarpadyr. Biziň gadymy köklerimiz, milli mirasymyz täze taryhy eýýamda Türkmenistanyň bagtyýar geljegini gurmagyň ygtybarly binýadydyr. Dünýä taryhynda adamzada iň uly heläkçilik getiren Beýik Watançylyk urşunyň gazaply söweşlerine gatnaşan milli gahrymanlar baradaky hakyda we olary sarpalamak ýaly asylly işler jemgyýetimiziň mizemez ýörelgelerine öwrüldi.