ABŞ-nyň Ueýk Forest uniwersitetiniň barlag geçirijileri fiziki türgenleşik geçmezden ozal, şugundyr şiresini içmegiň beýniniň belli-belli ýerlerine oňaýly täsir edýändigini ýüze çykardylar. Gürrüň bu ýerde şugundyr şiresiniň düzümindäki azot oksidi barada barýar. Ol beýnä barýan gan akymyny artdyryp, fiziki işjeňligi ýokarlandyrýar. Barlaga gan basyşy ýokary 55 ýaşlaryndaky 26 adam gatnaşdy.
Barlagyň dowamynda meýletinçiler ylgaw ýodasynda hepdede üç gezek 50 minutyň dowamynda türgenleşipdirler. Barlaglar alty hepde dowam edipdir. Hünärmenler gatnaşyjylary iki topara bölüpdirler. Türgenleşige bir sagat galanda birinji topara bir bulgur şugundyr şiresini beripdirler, ikinji topara bolsa bermändirler. Alymlar türgenleşikden öň, şugundyr şiresini içen meýletinçileriň bedeninde nitrat we nitritleriň derejesiniň içmediklere garanyňda, ýokarydygyny ýüze çykarypdyrlar. Görüp oturylsa, şugundyr şiresi beýnä, hususan hem, içegeleriň işi, duýgy we kognitiw (pikirleniş ukyby) bilen baglanyşykly amallarda oňaýly täsirini ýetirýän eken.