«Fer­ra­ri» «Stel­lan­tis»-den oz­dy

108

«Fer­ra­ri»-niň ba­zar gym­ma­ty 49,2 mil­liard ýew­ro ýe­tip, bir­nä­çe bren­de eýe­çi­lik ed­ýän «Stel­lan­tis» to­pa­ryn­dan öňe geç­di. Ýo­ka­ry tiz­lik­li ulag­la­ry ön­dür­ýän «Fer­ra­ri» bren­di­niň paý­na­ma­la­ry ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri 34 gö­te­rim gym­mat­lap, 53,9 mil­liard dol­la­ra ýet­di. Şeý­le­lik­de, kom­pa­ni­ýa­nyň ba­zar gym­ma­ty «Fi­at» we «Peu­ge­ot» ýa­ly bir­nä­çe bren­de eýe­çi­lik ed­ýän «Stel­lan­tis» to­pa­ryn­dan öňe geç­di. De­giş­li dö­wür­de «Stel­lan­tis»-iň ba­zar gym­ma­ty 47,1 mil­liard ýew­ro bol­dy. «Stel­lan­tis» «Fer­ra­ri»-niň bäs­de­şi «Ma­se­ra­ti»-ä hem eýe­çi­lik ed­ýär.
«Stel­lan­tis»-e de­giş­li kom­pa­ni­ýa­lar ge­çen ýy­lyň do­wa­myn­da je­mi 5,78 mil­li­on ulag sa­typ­dyr. «Fer­ra­ri» bol­sa, 13 müň 221 ula­gy müş­de­ri­le­re ýe­ti­rip­dir. «Fer­ra­ri» ge­çen ýyl «Pu­ro­san­gue» at­ly SUV mo­de­li­ni 402 müň dol­lar­dan sa­tu­wa çy­ka­ryp­dy.
Bi­ler­men­ler ital­ýan bren­di­niň soň­ky ýyl­lar­da­ky ga­zan­ýan ösüş­le­ri­niň paý­na­ma­la­ry­nyň gym­ma­ty­ny art­dyr­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. «RBC Capi­tal» mas­la­hat be­riş kom­pa­ni­ýa­sy aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­si­niň paý­na­ma­la­ry­nyň ba­ha­sy­nyň 321 ýew­ro bol­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Hä­zir­ki wagt­da «Fer­ra­ri»-niň her bir paý­na­ma­sy 268 ýew­ro tö­we­re­gi.

Aman­sol­tan ŞI­RI­ÝE­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.