«Ferrari»-niň bazar gymmaty 49,2 milliard ýewro ýetip, birnäçe brende eýeçilik edýän «Stellantis» toparyndan öňe geçdi. Ýokary tizlikli ulaglary öndürýän «Ferrari» brendiniň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 34 göterim gymmatlap, 53,9 milliard dollara ýetdi. Şeýlelikde, kompaniýanyň bazar gymmaty «Fiat» we «Peugeot» ýaly birnäçe brende eýeçilik edýän «Stellantis» toparyndan öňe geçdi. Degişli döwürde «Stellantis»-iň bazar gymmaty 47,1 milliard ýewro boldy. «Stellantis» «Ferrari»-niň bäsdeşi «Maserati»-ä hem eýeçilik edýär.
«Stellantis»-e degişli kompaniýalar geçen ýylyň dowamynda jemi 5,78 million ulag satypdyr. «Ferrari» bolsa, 13 müň 221 ulagy müşderilere ýetiripdir. «Ferrari» geçen ýyl «Purosangue» atly SUV modelini 402 müň dollardan satuwa çykarypdy.
Bilermenler italýan brendiniň soňky ýyllardaky gazanýan ösüşleriniň paýnamalarynyň gymmatyny artdyrýandygyny belleýärler. «RBC Capital» maslahat beriş kompaniýasy awtoulag öndürijisiniň paýnamalarynyň bahasynyň 321 ýewro boljakdygyny belleýärler. Häzirki wagtda «Ferrari»-niň her bir paýnamasy 268 ýewro töweregi.
Amansoltan ŞIRIÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
PDF









