Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bazar ýörelgeleri esasynda ösüşiň täze belentliklerine barýan milli ykdysadyýetimiziň ösüşini dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetirmek öňde durýan esasy wezipeleriň biridir. Konstitusiýamyzda beýan edilen “Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adamdyr” diýen şygary baş ýörelge edinip ýaşaýan zähmetsöýer halkymyzyň abadan ýaşamagyna, şahsyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegine gönükdirilen ýokary üns-alada bu gün öz netijelerini berýär.
Arkadag Prezidentimiziň belleýşi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde ýurdumyzyň “altyn gaznasy” bolan telekeçiligi ösdürmek hem ykdysadyýetimiziň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda hususy telekeçiligiň ösmegine giň mümkinçilikleriň döredilmegi bu pudagyň düzümini kämilleşdirmäge, pudaga innowasiýalary ornaşdyrmaga, maýa goýum serişdelerini netijeli ulanmaga, netijede bolsa, iş orunlaryny artdyrmaga uly badalga berdi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşinde hususyýetçileriň goşandy örän uludyr. Bazar gatnaşyklarynyň ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda giňden ýaýbaňlanmagy esasynda hususy eýeçilikdäki kärhanalaryň sany ýyl-ýyldan köpelýär. Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň we hyzmatlaryň aglaba bölegi döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalaryň paýyna düşýär. Bu görkezijiniň häzirki döwürde 62,2 göterime barabardygy ykdysadyýetimizi ösdürmekde hususy telekeçiligiň ähmiýetiniň örän ulydygyny görkezýär.
Ýurdumyzda hereket edýän “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny telekeçilik işi bilen meşgullanmak üçin berilýän ygtyýarnamalary düzgünleşdirmegiň we ýönekeýleşdirmegiň hukuk binýadyny düýpli kämilleşdirdi.
Türkmenistanda lizing kompaniýalaryny döretmek we ösdürmek babatynda işleriň gerimini giňeltmek meselesi hem uly ähmiýete eýedir. Şu işi netijeli guramak üçin “Lizing hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda hususy işe, telekeçilige berilýän ünsüň we ýardamyň netijesinde, telekeçilik ulgamy uly ösüşlere eýe bolýar.
Şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça 173 million manatlyga barabar senagat önümleri, 298,3 million manatlyk oba hojalyk we azyk önümleri öndürilip, olaryň möçberi degişlilikde 32,6 göterim we 26,4 göterim artdy. Ýerine ýetirilen gurluşyk-gurnama işleriniň möçberi 1,1 milliard manatdan gowraga deň boldy.
Milli ykdysadyýetimizde hususy telekeçiligiň, kiçi we orta telekeçilige degişli pudakda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegini ösdürmegi, hojalygy ýöretmegiň täze görnüşleriniň ýüze çykmagyny hem-de hususyýetçileriň giň toparynyň kemala gelmegini üpjün edýän kanunçylyk namalaryň we kadalaşdyryjy resminamalaryň birnäçesi kabul edildi. Muňa mysal edip “Telekeçilik işi hakyndaky”, “Erkin telekeçiligiň ykdysady zolagy hakyndaky”, “Daşary ýurt maýa goýumlary hakyndaky”, “Daşary ykdysady işi hakyndaky”, “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakyndaky”, “Gymmatly kagyzlar bazary hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň, “Salgytlar hakyndaky” Bitewi kanunyň, şeýle hem “Türkmenistanda telekeçiligiň döwlet goldawynyň esaslary baradaky düzgünnamanyň”, “Maýa goýum taslamalaryny karzlaşdyrmagyň tertibi hakyndaky düzgünnamanyň” kabul edilmeginiň uly ähmiýeti bar. Bu resminamalar kiçi we orta biznesiň kärhanalarynyň önümçilik we daşary ykdysady işleriniň ösdürilmeginiň esaslaryny döretmäge ýardam berdi.
Häzirki wagtda ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmegiň ugurlary halkara guramalarynyň işini utgaşdyryp guramak arkaly amala aşyrylýar. Hyzmat etmek ugrunda telekeçiligiň ösüşini höweslendirmek üçin (auditor, konsalting, injenering, lizing we şulara meňzeş beýleki hyzmatlar) ýeňillikli karz bermekde, maliýeleşdirmekde, salgyt salmaklykda has oňaýly düzgünleri ýola goýmaga üns berilýär.
Türkmenistanyň hökümeti oba hojalygynda telekeçiligi hemmetaraplaýyn ösdürmek maksady bilen, fermerlere ýerleri uzak möhletleýin peýdalanmaga, kärendeçilere zerur bolan oba hojalyk tehnikalary we mineral dökünleri berýär, erkin telekeçiligiň ykdysady zolagyny ösdürmek üçin salgyt we beýleki ýeňňillikleri belleýär. Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş banky, Bütin dünýä banky ýaly edaralar Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň oba hojalyk, ulag, dokma, nebit-gaz pudaklarynda kiçi we orta kärhanalary döretmek we goldamak üçin özleriniň karz ugurlaryny açdylar.
Arkadag Prezidentimiziň özleri hakda edýän taýsyz tagallalaryna türkmen telekeçileriniň ýokary iş netijeleri bilen jogap bermäge çalyşýandyklaryna olaryň aýda, kwartalda, her ýylda gazanýan uly üstünlikleri, 24-nji maýda paýtagtymyzda geçirilen “Ak şäherim Aşgabat” atly XIV köpugurly halkara sergisinde türkmen telekeçileriniň şäher-suw üpjünçilik taslamalarynyň ýerine ýetirilişinde, döwrebap gurluşyk we gurnama materiallarynyň önümçiliginde, azyk we senagat pudagynda, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşanlarynyň, şeýle hem paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň keşpleri bilen bezelen ýadygärlik harytlaryny taýýarlamakda gazanan uly netijelerine ýokary baha berilmegi anyk şaýatlyk edýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde, ähli pudaklary gurşap alan bazar gatnaşyklary milli ykdysadyýetimiziň dünýä ykdysadyýetinde mynasyp ornuny tapmagyny üpjün eder.
Bazargeldi Baýramow,
Türkmenistanyň Pensiýa
gaznasynyň gözegçilik-derňew
bölüminiň baş derňewçisi.