Golaýda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Gümrük hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki konsultatiw topary döretmek barada Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamany tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Türk resmi neşirlerinde bu resminama esasynda taraplaryň gümrük hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki konsultatiw topary döretjekdikleri we bu ugurdaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin maglumatlary alyşjakdyklary bellenilýär.
Ýeri gelende aýtsak, gümrük hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki konsultatiw topary döretmek barada üçtaraplaýyn hökümetara Ähtnama geçen ýylyň 14-nji dekabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Türkmenistan –Azerbaýjan – Türkiýe» formatynda geçirilen birinji sammitde gol çekildi. Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew hem şu ýylyň 27-nji aprelinde bu resminamany tassyklamak hakynda Karara gol çekipdi.
Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.