Italiýanyň Sisiliýa adasyndaky «Centuripe» obasy dag gerişlerinde gurlan täsin binagärligi emele getirýär. Uçardan seredeniňde elini we aýaklaryny uzadyp duran adamyň şekiline meňzeýän bu obanyň taryhy biziň eýýamymyzdan öňki V asyrdan gözbaş alýar. 1548-nji ýylda obanyň häzirki wagtdaky görnüşi täzeden gurulýar. Käbir bilermenler obanyň täsin şekilini deňiz ýyldyzyna hem meňzedýärler. 173 müň 318 gektar meýdany eýeleýän bu obada 5 müň 700 töweregi adam ýaşaýar. 730 metr belentlikde ýerleşýän «Centuripe» obasynda birnäçe myhmanhana, mekdepdir çagalar baglary, ellinistik jaýlar, muzeýler hem-de zeýtun tokaýlyklary bar. Belentlik-peslik derejesi göz öňünde tutulyp, obadaky ýollar sepleşip gidýän görnüşde gurlupdyr. Merkezinden dürli ugurlara uzap gidýän ýollar daşarky halkalaýyn ýollar bilen birigip, ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün edýär. Oba ilaty, esasan, galla önümlerini ýetişdirmek bilen meşgullanýar, şeýle hem bu ýerden hek we mermer daşlary gazylyp alynýar.
Obada görmeli ýerler:
Rim ýadygärligi. Rimlilerden saklanyp galan bu jaý Kataniýa baýrynda ýerleşýär. Obanyň täsin görnüşini synlamaga mümkinçilik berýän bu ýere agaçlardan örtülen şaýol arkaly barylýar.
«Centuripe» muzeýi. Bu muzeýde grek we rim döwründen galan 3 müň töweregi taryhy tapyndy bar. «Centuripe» muzeýi obanyň taryhy we medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär.
Rim hammamlary. Obadaky depäniň eteginde bäş arka bölek bolup duran gadymy hammam bar. Rimlileriň döwründe ulanylan bu ýerde eşik çalşyrylýan otagyň, sowuk suwly hammamyň hem-de 3 bölek açyk howzuň bolandygy çaklanylýar.
Gowak suratlary. Simeto derýasynyň golaýyndaky zeýtun we pyrtykal tokaýlyklarynyň töwereginden tapylan gowakda iň gadymy şekilleri görmek bolýar. Şekillerde tans edýän adamlar, deprekler suratlandyrylyp, gara we gyzyl reňkler ulanylypdyr.