Dagda pyýada gezelenç etmek tebigatdaky gözelliklerden lezzet almak bilen bir hatarda, saglyk üçin hem peýdalydyr. Adamyň ruhy dünýäsini heýjana getirýän dag tebigatynda beýikli-pesli depelere çykmak arkaly fiziki maşklar ýerine ýetirilýär.
Ýöremek iň gowy maşklaryň biri bolup, dagdaky gezelençde aýagyň myşsalary güýçlenýär, bedeniň deňagramlylygy ýokarlanýar. Şeýle hem dem alyş, gan basyşy we ýürek saglygy bilen bagly ýetmezçilikleriň öňi alynýar. Gaýalara çykylanda oňurga süňkleriniň sazlaşykly hereketi amala aşyrylyp, bil-oňurga süňklerinde ýüze çykyp biljek gaýra üzülmeler aradan aýrylýar. Dagda yzygiderli gezelenç etmek semizligi hem aradan aýryp, kadaly agram saklamaga kömek edýär.
Dagda gezelenç edilýän wagty adamyň şähdi açylyp, akyly durlanýar. Muny bilermenler, esasan hem, dag howasynyň arassalygy hem-de tebigatyň gaýtalanmajak gözellikleri bilen düşündirýärler. Açyk howada wagt geçirmek sussupesligi aradan aýryp, aladalary ýadyňdan çykarýar. Dag tebigatynyň gözel ýerlerini synlamak, ösümliklerdir gülleriň ysyny duýmak adamyň tebigata bolan duýgularyny ösdürýär. Şol sebäpli lukmanlar ruhy çökgünlige düşen ynsanlara dagda gezelenç etmegi maslahat berýärler.
Dagda dostlaryňyz ýa-da maşgala agzalaryňyz bilen gezelenç etseňiz, has-da netijeli bolar. Şeýle ýagdaýda ynsanlar biri-birine ýakynlaşýar hem-de özara gatnaşyklar berkeýär. Dag tebigatynda maşgala bolup dynç alynýan pursatlar çagalar özleri üçin gyzykly bolan maglumatlary öwrenýärler, öň görmedik täsinlikleriniň şaýady bolýarlar. Gezelenjiň dowamynda maşgala agzalary birek-birekden hoşal bolup, has-da ysnyşýarlar. Dagda köpçülikleýin gezelenç etmek birek-birege bolan ynamy güýçlendirmegiň iň gowy usulydyr.