Dünýäniň iň gymmat transferi bolan Neýmaryň geljek möwsümde PSŽ-de oýnamazlygy mümkin. Lionel Messiden soň braziliýaly super ýyldyz bilen hem ýoluny aýyrmakçy bolan PSŽ Neýmary klubdan ugratmakçy bolýar. PSŽ-niň futbol maslahatçysy Luis Kamposyň täze möwsümiň taýýarlyklaryna başlandygy we onuň maksatnamasynda Neýmaryň ýokdugy habarda bellenilýär. Ispaniýanyň “Sport” gazetiniň habar bermegine görä, parižliler iňlis kluby “Mançester Siti” bilen 222 million ýewro transfer edilen Neýmar bilen potugaliýaly Bernarod Silwany alyş-çalyş etmekçi bolýar.

Neýmar bilen “Çelsiniň” hem gyzyklanýandygy ozaldan belli bolup, oýunçynyň PSŽ-däki günleri azalýan ýaly. Neýmar şu möwsümde PSŽ-de 29 oýunda 18 gol geçirip, 17 goluň pasyny berdi.