Häzirki wagtda ýolagçy uçar bazarynda ABŞ-nyň “Boeing” kompaniýasynyň hem-de Fransiýanyň “Airbus” şereketiniň uçarlary uly islegden peýdalanylýar. Bu bazara täze öndürijileriň goşulmaga ymtylyşlary onuň barha gyzyşýandygyny görkezýär. Mälim bolşy ýaly, golaýda Hytaý Halk Respublikasy özüniň ilkinji ýolagçy uçaryny synagdan geçiripdi. Bir hepdede bolsa, Russiýa Federasiýasynda şeýle wakalaryň ýene-de birine şaýat bolduk. Bu ýurduň “МС-21” kysymly ýolagçy uçary synagdan üstünlikli geçirildi. 20 ýylyň içinde şu görnüşli uçarlaryň müňe golaýyny satmak göz öňünde tutulýar. Bu barada Russiýanyň söwda we senagat ministri Denis Manturow habar berdi.
Wise-premýer Dmitriý Rogozin Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putine ýolagçy uçarynyň ilkinji uçuşy barada hasabat berdi. Russiýanyň Prezidenti bu uçaryň önümçiligine gatnaşanlary bu waka bilen gutlady.
Täze ýolagçy uçary Irkutsk awiasiýa zawodynyň aerodromunda synagdan geçirildi. Uçuşyň wagty 30 minut dowam edip, uçar 1000 metr belentlige galyp, sagatda 300 kilometr tizlige ýetdi. Synagyň maksady uçaryň berkligini hem-de dolandyryjylygyny barlap görmekden ybarat boldy.
Bu uçaryň önümçiligine ýurduň birnäçe iri awiasiýa zawodlary gatnaşdy. Bilermenleriň baha bermegine görä, öňümizdäki 20 ýylyň dowamynda dünýä möçberinde bu uçara bolan isleg 15 müňe golaýlar. Uçaryň mehaniki ulgamlarynyň öndürijilerinden “Rosteh” döwlet korporasiýasy laýneriň eksport mümkinçiliginiň ýokarydygyny belledi. Oňa Günorta-Gündogar Aziýa, Latyn Amerikasy, Hindistan we Ýakyn Gündogary ýurtlarynyň uly isleg bildirjekdigi aýdylýar.
“МС-21” kysymly uçaryň ilkinji uçuşyny amala aşyrmagy Russiýanyň raýat uçar gurluşygy pudagynyň XXI asyrda gazanan uly üstünlikleriniň biridir.
Ol uçar önümçiliginde peýdalanylýan iň häzirki zaman enjamlary bilen abzallaşdyrylandyr. Uçar ozalky Sowet Soýuzy döwründäki “Tu”, “Ýak” we “An” ýaly uçarlaryň ornuny tutar. Bu uçar 2 görnüşde öndüriler. “МС-21-200” kysymlysy 150 orunlyk bolup, “МС-21-300” kysymlysy bolsa, 180 adama niyetlenendir. Bu uçaryň üstünde 2008-nji ýyldan bäri işlenip gelinýär. 2018-nji ýylyň ahyrynda 2019-njy ýylyň başlarynda uçar satuwa çykarylar. Onuň ilkinji müşderisi “Aeroflot” awiakompaniýasy bolar.