Hindistanyň hökümeti 1858-nji ýyldan 1947-nji ýyla çenli aralykdaky döwürde Beýik Britaniýa äkidilen “Kohinur” göwherini we müňlerçe beýleki gymmat bahaly artefaktlary yzyna gaýtarmak boýunça uzak möhletleýin diplomatik maksatnamany ýola goýýar. Bu barada “Telegraph” neşiri habar berdi.

Neşiriň maglumatlaryna görä, gymmat bahaly zatlary yzyna gaýtarmak boýunça bu maksatnama Hindistanyň ministr we diplomat derejesindäki işgärleri çekiler. Bellenilişi ýaly, bu Beýik Britaniýa üçin şu wagtda çenli ýüzbe-ýüz bolnan artefaktlary gaýtaryp bermek bilen bagly iň uly talap bolup biler. Maksatnamany şu ýyl işe girizmek meýilleşdirilýär. Hindistanyň Medeniýet ministrliginiň sekretary Gowind Mohan gymmat bahaly zatlaryň yzyna gaýtarylmagyny ýurduň Premýer-ministri Narendra Modiniň syýasatynyň möhüm bölegidigini düşündirdi.