26-njy ge­zek çyk­dy

114

Da­ga dyr­maş­ýan­la­ra ýolbe­let­lik ed­ýän (şer­pa) ne­pal­ly Pa­sang Da­wa dün­ýä­niň iň be­ýik no­ka­dy bo­lan Ewe­res­te 26-njy ge­zek çy­kyp, Ka­mi Ri­tanyň re­kordy bi­len deň­leş­di. Da­wa weng­ri­ýa­ly da­ga dyr­ma­şy­ja ýol­be­let­lik et­mek üçin Ewe­res­te çyk­dy. Bu sy­ýa­ha­ta «Ima­gi­ne Ne­pal Treks» kom­pa­ni­ýa­sy he­ma­ýat­kär­lik edip­dir.
53 ýaş­ly Ka­mi Ri­ta ge­çen ýyl Ewe­rest da­gy­na 26-njy ge­zek çy­kyp, öz re­kor­dy­ny tä­ze­läp­di. Ol tä­ze açy­lan möw­süm­de hem ýe­ne-de Ýe­riň iň be­ýik no­ka­dy­na aýak bas­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär.
Be­ýik­li­gi de­ňiz de­re­je­sin­den 8 müň 848 metr bo­lan Ewe­rest da­gy­na adat­ça ap­rel aýyn­dan baş­lap çyk­ma­ga rug­sat be­ril­ýär.
Da­ga il­kin­ji ge­zek 1953-nji ýyl­da tä­ze ze­lan­di­ýa­ly al­pi­nist Ed­mund Hil­la­ri bi­len ne­pal­ly şer­pa Ten­sing Nor­geý çy­kyp­dy. Ne­palyň Hö­kü­me­ti bu şan­ly wa­ka­nyň 70 ýyl­ly­gy­ny bel­le­me­gi mak­sat edin­ýär. Ýurt şu ýyl 470 ada­ma da­ga dyr­maş­ma­ga rug­sat ber­di. Bu kyn sy­ýa­hat­da ne­pal­ly ýol­be­let­ler kö­mek ed­ýär.
Ne­pal bi­len Ti­be­tiň ara­syn­da­ky Gi­ma­laý da­gy­nyň etek­le­rin­de ýa­şa­ýan ýer­li hal­ka «şer­pa» di­ýil­ýär. Wagtyň geçmegi bilen bu ýerdäki ýolbeletlere hem şerpa diýlipdir.

Aknur Paşşykowa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.