“Airbus Group” kompaniýasynyň dikuçar öndürýän şahamçasy Hytaýda dikuçar ýygnamak işine girişer. Bu ýerde “H135” kysymly raýat dikuçarlary öndüriler. Bu barada “Sinhua” habarlar gullugy habar berýär.
Zawod Şandun welaýatynyň Sindao şäherinde ýerleşýär. Onuň gurluşygyny 2018-nji ýylyň ahyrynda tamamlamak göz öňünde tutulýar. Zawod “Airbus” konserniniň “Airbus Helicopters” golçur kärhanasy bilen Hytaýyň “Qingdao United General Aviation” kompaniýasy tarapyndan bilelikde işlediler.
Zawodda ilkinji dikuçary 2019-njy ýylda satuwa çykarmak meýilleşdirilýär. Her ýyl “H135” kysymly dikuçarlaryň 18-sini öndürmek göz öňünde tutulýar. Deslapky hasaplamalara görä, öňümizdäki 20 ýylyň dowamynda Hytaý üçin şeýle dikuçarlaryň azyndan 600-si gerek bolar.
Hytaýda uly meşhurlykdan peýdalanýan “H135” kysymly dikuçar harby we hukuk goraýjy edaralary, gaýragoýulmasyz tiz lukmançylyk kömegini berýän edaralary we halas ediş guramalary tarapyndan giňden ulanylar.