Çagalaryň özüni alyp barşy, endikleri bilen ýakyndan habarly bolmak, olara üns bermek ýaş nesilleriň geljekde kämil ynsanlar bolup ýetişmegi ugrundaky aladanyň ilkinji ädimleri hasaplanýar. Her gün çagalardan şu günki gazanan üstünlikleri, öwrenen täze zatlary, sapaklara ýetişigi, geň galan wakalary hem-de dostlary baradaky pikirleri soralmaly. Çagalar başyndan geçiren wakalaryny we garaýyşlaryny gürrüň bermek arkaly özleri baradaky üns-aladany hem-de jogapkärçiligi duýýarlar. Sowal-jogap alyşmak ata-ene bilen çagalaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmegiň iň ajaýyp ýoludyr. Bilermenler her gün çagalara berilmeli 3 sowal barada şeýleräk belleýärler.
Bu gün özüňi dogumly alyp bardyňmy?
Dogumlylyk üstünlige ýetmegiň ilkinji ädimi hasaplanýar. Çagalara özüni dogumly we tutanýerli alyp barmagy öwretmek olaryň geljekde islendik kynçylykdan baş alyp çykmagyna ýardam eder. Biz çagamyzyň dogumly bolmagyny isleýäris. Şol sebäpli çagalara kiçilikden kynçylyklary ýeňip geçmegiň ýollaryny salgy bermeli. Käte çaga ejizläp biler. Şeýle ýagdaýda onuň sebäplerini soramaly, üstünlige ýetjekdigini we gaýtadan synanyşmalydygyny düşündirmeli. «Sen muny başararsyň» diýip, ruhy taýdan goldaw bermeli.
Bu gün mylakatly bolduňmy?
Çagalara kiçilikden özüni mylakatly alyp barmagy öwretmeli. Gödek häsiýetleriň we endikleriň halanmaýandygyny, adamkärçilikli bolmagyň hem-de ynsanlara kömek etmegiň bagtly durmuşa ýetirýändigini düşündirmeli. Çagalar baglarynda ýa-da mekdepde mugallymlardyr deň-duşlaryň bilen mylakatly bolmagyň esasy endikleriň biri bolmalydygyny ündemeli. Mylakatlylyk duýgusynyň adamlaryň arasynda birek-birege bolan hormaty, ýakynlygy döredýändigini öwretmeli.
Bu gün şowly geçdimi?
Çagalaryň yzygiderli üstünlik gazanmagyny islesek, käbir synanyşyklaryň şowsuz gutarýandygyna garamazdan, çagalara öz öňünde maksat goýup, ýene-de synanyşmagy maslahat bermeli. Şowsuzlygyň wagtlaýyndygyny, synanyşyklar esasynda adamyň taplanýandygyny we kämilleşýändigini düşündirmeli.
Bu 3 sowaly çagalaryňyza berip, olar bilen ýakyndan gyzyklanyň! Jogaplar dürli-dürli bolsa-da, netijesi şowly we üstünlikli bolar.