Hytaýyň Premýer-ministri Li Kesýanyň Germaniýa, Ýewropa Bileleşigine we Belgiýa Patyşalygyna amala aşyran sapary Hytaý bilen Ýewropanyň arasyndaky gatnaşyklara täze itergi berdi. Bu barada ýurduň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda bellenip geçilýär.
Şu ýylyň 31-nji maýy – 2-nji iýuny aralygynda Hytaýyň ýolbaşçysynyň amala aşyran bu saparynyň çäklerinde geçirilen duşuşyklarda ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, erkin söwda gatnaşyklaryny ýola goýmak, maýa goýum ugruna köpräk üns bermek, tutuş dünýäde we sebitde dünýä parahatçylygyny üpjün etmek ýaly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary Wan Çao bular barada metbugat wekillerine gürrüň berdi.
Wan Çaonyň aýtmagyna görä, şu ýyl Hytaý bilen Germaniýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyna 45 ýyl dolýar. Li Kesýan Germaniýadaky saparynyň barşynda ýurduň Prezidenti Frank Walter-Ştaýnmaýer bilen duşuşdy hem-de Germaniýanyň Kansleri Angela Merkel bilen däp bolup gelýän hytaý-german innowasion forumyna gatnaşdy.
Şeýle hem Premýer-ministr Li Kesýan Belgiýa Patyşalygynda Hytaý-Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylarynyň 19-njy duşuşygyna gatnaşdy. Oňa Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Donald Tusk hem-de Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Žan-Klod Ýunker hem gatnaşdy. Bulardan başga-da Hytaýyň ýolbaşçysy Hytaý-Ýewropa Bileleşigi işewürler sammitine, innowasiýa babatda hyzmatdaşlyk geňeşiniň mejlisine, Hytaý bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky syýahatçylyk ýyly mynasybetli geçirilen çärelere gatnaşyp, dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da Premýer-ministr Li Kesýan Brýusselde Belgiýanyň patyşasy Filipp bilen gepleşikler geçirdi we ýurduň Premýer-ministri Şarl Mişel bilen “Geely-Volvo” awtosalonynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Hytaýyň ösüş depgini Ýewropa üçin ägirt uly mümkinçilikler döredýär. 2016-njy ýylda Hytaý bilen Ýewropanyň arasyndaky haryt dolanyşygy täze derejelere çykaryldy. Degişli döwürde haryt dolanyşygy 3 göterim köpelip, 3,6 trillion ýuana (takmynan, 525 milliard dollar) deň boldy.