UEFA Çempionlar Ligasynda Interiň finaldaky garşydaşy Mançester Siti topary boldy. Ýarym finalyň jogap oýnunda öz meýdançasynda soňky çempion Real Madridi taryhy hasap bilen, 4-0 hasabynda utup, güýçli garşydaşyny derbi-dagyn etdi. Her ýarymda 2 gol geçiren Mançester Sitiniň gollarynyň 2-sini, oýnuň iň ökde oýunçysy hem saýlanan Bernardo Silwa (23, 37), beýlekileri-de Manuel Akanži bilen Hulian Alwares geçirdi. Şunlukda, 4-0, 2 oýnuň jemi boýunça-da 5-1 üstün çykan Mançester Siti 2021-nji ýyldan soň 2-nji gezek finala çykdy.

Çempionlar Ligasyndaky 100-nji ýeňşini gazanan Pep Guardiola soňky 8 duşuşygynda Karlo Ançelottini 6-njy sapar ýeňlişe sezewar etdi. Guardiola Ançelotti (107) we Fergusondan (103) soň 100 ýeňşe ýeten 3-nji tälimçidir. Şeýle-de, 4-nji gezek finala çykan Guariola bu ugurda Ançelottiden soň 2-nji ýerde barýar. Pep Guardiola Real Madridi 3-nji gezek bu ýaryşdan çykaran ilkinji tälimçi boldy. Ähli ýaryşlary hasaba alanyňda öz meýdançasynda bassyr 15-nji ýeňşini gazanan Mançester Siti umumylykda 23 oýundan bäri ýeňilmän gelýär.

Real Madrid topary 2009-njy ýyldan soň, umumylykda 5-nji gezek Çempionlar Ligasynda 4-0 hasabynda utuldy. Karlo Ançelotti Çempionlar Ligasyndaky 191-nji duşuşygyny geçirip, bu babatda Ser Aleks Ferguson bilen paýlaşýan rekordyny öz adyna geçirdi.

Şeýlelikde, Mançester Siti bilen Inter finalda duşuşyp, bu olaryň arasyndaky ilkinji resmi duşuşyk bolar. Final duşuşygy 10-njy iýunda Türkiýäniň Stambul şäherindäki Atatürk Olimpiýa stadionynda oýnalar. Bu stadionda ozalam iňlis we italýan klublary finalda duşuşypdy. 2005-nji ýyldaky şol taryhy finalda Angliýanyň Liwerpul topary Italiýanyň Milan toparyndan esasy we goşmaça wagty 3-3 deňlikde tamamlanan duşuşykda penaltileriň netijesinde çempionlyk gazanypdy.