“Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň paýtagtyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 18-nji maýda HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen gepleşikleri geçirdi.

  Aziýa — Ýuwaş ummany sebitinde ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşy hökmünde Hytaý Halk Respublikasy bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylýandygy nazara alnanda, şu gezekki gepleşikler ägirt uly ähmiýete eýedir. HHR bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň ýanwarynda Hytaýa üstünlikli amala aşyran döwlet sapary muny aýdyň görkezýär. Onuň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar we gol çekilen resminamalaryň uly toplumy ýurtlarymyzyň arasynda ähli ileri tutulýan ugurlarda özara gatnaşyklary hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrdy.

HHR-iň Başlygy Si Szinpin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy hytaý topragynda tüýs ýürekden mübärekläp, belent mertebeli türkmen myhmanyna HHR-e iş sapary bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi. Şu günki ýokary derejedäki duşuşyk şu ýyldaky ikinji duşuşykdyr diýip, hytaý Lideri aýtdy we Hytaýyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydygyny tassyklady. Türkmenistan “Açyk gapylar” syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär we döwletiňdir jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlarynda uly ösüşleri gazanýar.

Türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmek biziň halklarymyzyň bähbitlerine doly laýyk gelýär diýip, HHR-iň Başlygy Si Szinpin nygtady we strategik häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmek üçin bilelikdäki tagallalaryň ediljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz döwlet Baştutanlarynyň «Merkezi Aziýa — Hytaý» görnüşindäki birinji sammitine gatnaşmak üçin Hytaýa çakylygy üçin HHR-iň Başlygy Si Szinpine minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurda häzirki saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň meseleleri boýunça düýpli pikir alyşmak üçin oňat mümkinçilikdigini belledi. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz hytaý Liderini Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, munuň Hytaýyň halkynyň alnyp barylýan içeri we daşary syýasaty doly goldaýandygynyň aýdyň subutnamasydygyny nygtady.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň, däp bolşy ýaly, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we düşünişmek esasynda işjeň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Sebitde durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmekde Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasy bilen Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjyny utgaşdyrmak boýunça tagallalaryň möhümdigi bellenildi. Munuň özi ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam eder.

Biziň ýurtlarymyz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ozal gazanylan ylalaşyklara we maksatnamalara laýyklykda ösdürýärler. Soňky döwürde ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň möçberiniň artýandygy munuň aýdyň subutnamasydyr. Özara söwdanyň, maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak, energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamynda, himiýa, nebithimiýa, elektrotehnika we beýleki senagat pudaklarynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikler bar. Şunda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetiniň işine möhüm orun degişlidir.

Iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hem ýangyç-energetika pudagydyr. Mälim bolşy ýaly, gol çekilen şertnamalara we ylalaşyklara laýyklykda, 2009-njy ýyldan bäri Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi boýunça Hytaýa türkmen tebigy gazy bökdençsiz iberilýär. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň energiýa serişdelerini halkara bazarlara ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmaga esaslanan energetika syýasatyny alyp barýandygyny nazara almak bilen, bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, ulag-kommunikasiýa ulgamynda hem özara gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikler bar. Häzirki wagtda demir ýol ulagynda hem hyzmatdaşlygymyz üstünlikli ösdürilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we HHR-iň Başlygy Si Szinpin köptaraplaýyn görnüşdäki gatnaşyklar barada aýdyp, «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň dünýä we sebit gün tertibiniň esasy meselelerini maslahatlaşmak üçin döredýän mümkinçiligini bellediler.

Ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetini döretmek hakynda 2008-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky Ylalaşyga goşmaçalar girizmek barada Teswirnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk etmek we özara ýardam bermek hakynda Ylalaşyk; getirilýän we alnyp gidilýän haýwanlaryň karantini babatda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Maglumat boýunça Döwlet geňeşiniň edarasynyň arasynda köpçülikleýin habar beriş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Demokratik partiýasy bilen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk we alyş-çalyş etmek hakynda Ähtnama bar. Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, iki döwletiň Baştutanlary taraplaryň iki dostlukly döwletiň we halklaryň bähbidine giň gerimli strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga ygrarlydygyny tassykladylar.

Dabaraly kabul edişlik

Agşam hormatly Prezidentimiz HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň adyndan “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşýan ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň hormatyna Tan nesilşalygynyň seýilgähinde guralan dabaraly kabul edişlige gatnaşdy.

Sammite gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki ýadygärlik surata düşmek dabarasyndan soňra, bu ýerde Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň halklarynyň Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasyna hem-de “Merkezi Aziýa — Hytaý” görnüşindäki ýaşlaryň sungat festiwalyna bagyşlanan konsert geçirildi. Onuň maksatnamasyna aýdym-sazly, folklor-etnografik, tansly çykyşlar, halk we häzirki zaman aýdymlary girizildi. Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň artistleriniň bilelikde ýerine ýetiren, halklaryň dostlugyny wasp edýän kompozisiýasy konsertiň jemlemesine öwrüldi.