Çiliniň demirgazygyndaky çölde dünýäniň iň uly optiki teleskopynyň gurluşygyna girişildi. Bu barada daşary ýurt metbugaty habar berýär. Taslamanyň gurluşygyny “European Southern Observatory” atly Ýewropanyň hökümetara astronomiýa guramasy maliýeleşdirýär. Teleskop deňiz derejesinden 3 müň metr belentlikde Atakama çölüniň merkezinde gurulýar. Onuň diametri 39 metre deň bolar.
Gurama tarapyndan ýaýradylan habara görä, 2012-nji ýylyň bahalarynyň çäklerinde taslamanyň gurluşygynyň nyrhynyň takmynan, 1 milliard ýewro deň boljakdygy mälim edilipdi. Teleskopyň 2024-nji ýylda işläp başlajakdygy aýdylýar. Bu barada “Sinhua” habarlar gullugy habar berýär.