Dünýäniň üç gezek çempiony Peläniň depn edilen ýerinde onuň ýadygärligi açyldy. Bu baradaky habar nekropolyň saýtynda ýerleşdirildi. Peläniň aramgähine iş günleri sagat 9:00-dan 12:00-a çenli we 14:00-dan -18:00-a çenli aralykda zyýarat edip bolýar. Aramgähe giriş tölegsiz, ýöne öňünden nekropolyň saýtynda geljek wagtyňy belletmeli.

Meşhur futbolçynyň jesedi salnan tabyt onuň öz saýlan “Ekumenika” nekropolynyň çägindäki ýörite gurlan aramgähde goýuldy. Däliziň girelgesi Braziliýanyň hem-de onuň 1956-njy ýylda ilkinji gezek çykyş eden “Santos” futbol klubynyň baýdaklary, şeýle hem Peläniň ellerini döşüne goýup, aýagynyň astynda top saklaýan tylla reňkli heýkeli bilen bezelipdir.

Futbolçy geçen ýylyň 29-njy dekabrynda San-Paulonyň hassahanalarynyň birinde aradan çykdy we şondan bir aý öň saglygynyň ýaramazlaşmagy sebäpli hassahana düşüpdi. Ol 82 ýaşyndady. Şonda Braziliýada üç günlük ýas yglan edilipdi.

Hakyky ady Edson Arantis du Nasimentu bolan Pele dünýäniň üç gezek (1958, 1962, 1970) dünýä çempionatynda ýeňiji bolan ýeke-täk futbolçydyr. Pele sport habar beriş serişdeleri tarapyndan XX asyryň iň gowy futbolçysy diýlip birnäçe gezek ykrar edildi.