Şu ýy­lyň 26-njy iýu­nyn­da Mon­go­li­ýa­da we 15-nji okt­ýab­ryn­da bol­sa, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­syn­da Pre­zi­dent saý­law­la­ry ge­çi­ri­ler. Mon­go­li­ýa­nyň hal­ky öňü­miz­dä­ki aý­da ge­çi­ril­jek iri sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik çä­re­si­ne iş­jeň gat­na­şyp, ýur­duň 5-nji döw­let Baş­tu­ta­ny­ny saý­lar­lar. Ýo­ka­ry döw­let we­zi­pe­si­ne da­laş­gär­ler şa­ha­dat­na­ma­sy­ny al­dy­lar. Saý­la­wyň öň ýa­nyn­da­ky möw­süm 6-njy iýun­da baş­lap, 25-nji iýu­na çen­li do­wam eder. Da­şa­ry ýurt­da ýa­şa­ýan mon­gol­lar bol­ýan ýurt­la­ryn­da­ky il­çi­ha­na­la­ryn­da dö­re­di­len saý­law uças­tok­la­ryn­da ses ber­mä­ge müm­kin­çi­lik alar­lar. Wag­tyn­dan öň ses ber­mek çä­re­si bol­sa, 10-11-nji iýun­da ge­çi­ri­ler.
Şu ýy­lyň maý aýy­nyň or­ta­la­ryn­da ýur­duň Mer­ke­zi Saý­law to­pa­ry Mon­go­li­ýa­nyň Halk par­ti­ýa­syn­dan Mie­gom­by­na Enh­bol­da­ny, De­mok­ra­tik par­ti­ýa­dan Halt­maa­giý­na Bat­tul­ga­ny hem-de Halk-re­wol­ýu­si­on par­ti­ýa­syn­dan Saýn­huu­giý­na Gan­baa­ta­ry da­laş­gär hök­mün­de ha­sa­ba al­dy.
Şeý­le hem Gyr­gyz Res­pub­li­ka­syn­da-da köp­den bä­ri Pre­zi­dent saý­law­la­ry­nyň ha­çan ge­çi­ril­jek­di­gi ba­ra­da ha­bar­lar yzy­gi­der­li ne­şir edil­ýär­di. Ýur­duň Pre­zi­den­ti şu hep­dä­niň du­şen­be gü­ni Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň dö­re­di­le­ni­niň 25 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ri­len da­ba­ra­da eden çy­ky­şyn­da saý­law­la­ryň 15-nji okt­ýabr­da ge­çi­ril­jek­di­gi­ni mä­lim et­di.
Pre­zi­dent Almazbek Atam­ba­ýe­wiň 6 ýyl­lyk we­zi­pe möh­le­ti 1-nji de­kabr­da ta­mam­lan­ýar. Ýurt­da he­re­ket ed­ýän ka­nu­na gö­rä, Pre­zi­dent saý­law­la­ry­ny no­ýabr aýy­nyň üçün­ji ýek­şen­be­sin­de, ýag­ny 19-njy no­ýabr­da ge­çir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar­dy. Ýö­ne şu wagt­ky döw­let Baş­tu­ta­ny­nyň we­zi­pe möh­le­ti­niň 1-nji de­kabr­da ta­mam­lan­ýan­dy­gy se­bäp­li saý­law­la­ryň wag­ty bir­ne­me öňe süý­şü­ril­di.