Hytaý şu ýylyň birinji çärýeginde Ýaponiýadan we Germaniýadan öňe geçip, dünýäde ilkinji gezek iň uly awtoulag eksportçysy boldy. Hytaý öndürijileri jemi 1,069 million awtoulag iberdi, Ýaponiýa bolsa şu ýylyň birinji çärýeginde 1,047 million awtoulag eksport etdi.
“Tesla China”, SAIC, “Chery”, “Geely”, “Great Wall Motors”, “Changan” we BYD Hytaýyň iň uly awtomobil eksport edijileriniň hataryna girýär. Häzirki wagtda SAIC iň uly hytaý awtomobil eksportçysydyr, MG brendi bolsa bu ýokary görkezijä uly goşant goşýar. Eksport edilen her üç awtoulagyň biri SAIC kompaniýasy tarapyndan öndürilýär. Geň ýeri, BYD kompaniýasy 58 000 birlik bilen dokuzynjy orny eýeledi.
Şu ýylyň ýanwar aýyndan aprel aýy aralygynda Hytaýyň awtomobil kompaniýalary jemi 1,37 million awtoulag eksport etdiler. Hytaýyň awtoöndürijiler assosiasiýasynyň maglumatlaryna görä, aprel aýynda eksportyň aýlyk möçberi geçen aý bilen deňeşdirilende 3,3% we ýyllyk hasabynda 170% ýokarlanyp, 376 000 birlige ýetdi.
Birinji çärýekde Hytaýyň eksport edýän ilkinji on ýurdunyň hataryna Russiýa, ABŞ, Meksika, Beýik Britaniýa, Belgiýa, Ýaponiýa, Awstraliýa, Germaniýa, BAE we Günorta Koreýa girýär.
Hytaýyň Ýeňil awtomobiller assosiasiýasy şu ýylyň ahyryna çenli Hytaýdan awtomobil eksportynyň 4 milliona ýetjekdigini çaklaýar. Eger şu tendensiýa saklansa, Hytaýyň Ýaponiýadan öňe geçip, 2023-nji ýylda dünýäniň iň uly awtomobil eksportçysyna öwrülmegi ähtimal.