19-njy maýda G7 toparynyň ýolbaşçylary Ýaponiýanyň Hirosima şäherinde açylan sammitde, meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmaga başladylar. Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida sessiýanyň açylyş dabarasynda:
– G7 dünýäde öňdebaryjy rol oýnap, halkara jemgyýetçiliginiň esasy meselelerine netijeli jogap bermelidir – diýip belledi. Birinji sessiýa dünýä ykdysadyýetiniň meselelerine bagyşlandy. Günüň dowamynda ýene iki sessiýa geçiriler.
Ýapon tarapy, sammitiň esasy mowzuklarynyň biri hökmünde kanunyň rüstemligine esaslanýan halkara tertibine goldawy ileri tutýar. Şeýle hem garaşsyz daşary syýasata eýerýän ösýän döwletler – Global Günorta diýlip atlandyrylýan ýurtlar bilen gatnaşygy giňeltmegi maksat edinýär.
Şeýle-de G7 toparynyň liderleri Hindi-Ýuwaş umman sebitiniň, Taýwanyň töweregindäki ýagdaý, Global Günorta ýurtlary bilen özara gatnaşyk, ýadro ýaragsyzlanmak, ykdysady we azyk howpsuzlygy ýaly birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşmakçy.
Sammite G7 toparynyň wekillerinden başga-da Awstraliýa, Braziliýa, Wýetnam, Hindistan, Indoneziýa, Kuk adalary, Komorlar bileleşigi we Günorta Koreýa ýaly ýurtlaryň liderleri çagyryldy. Olar sammitiň indiki iki gününde birnäçe sessiýalara gatnaşarlar we atom bombasynyň pidalaryna bagyşlanan Parahatçylyk seýilgähine baryp görerler.
G7 – Beýik Britaniýa, Germaniýa, Italiýa, Kanada, Fransiýa, Ýaponiýa we ABŞ ýaly ýurtlary birleşdirýän resmi däl halkara bileleşikdir. Şu ýylky sammite Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Rişi Sunak we Italiýanyň Premýer-ministri Jorji Meloni ilkinji gezek gatnaşýar. Bilermenleriň aýtmagyna görä, syýasy çäräniň Hirosimada geçirilmegi Ýaponiýanyň ýadro ýaragsyzlanmak meselesinde işjeň rol oýnamak isleýändigini görkezýär. Bu ýedi ýurt dünýä ilatynyň 10 göterimini, dünýä ykdysadyýetiniň ýaryna golaýyny emele getirýär.