Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) täze saýlanan baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus nobatdaky wezipesindäki ilkinji metbugat ýygnagyny geçirdi. Ol bu çärede eden çykyşynda ählumumy lukmançylyk ätiýaçlandyrmasyny ýola goýmagy maksat edinýändigini mälim etdi. Doktor Tedros şu ýylyň iýul aýynda 10 ýyldan bäri gurama ýolbaşçylyk edip gelýän Margaret Çeniň ornuna geçer.
Metbugat wekilleri bilen duşuşan baş direktor täze wezipesi döwründe öňde goýan maksatnamalary barada durup geçdi. Ol gurama agza ýurtlary öz raýatlaryna ýokary hilli saglyk hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik döretmäge çagyrdy.
Ol habarçylara özüne doktor (lukman) Tedros hökmünde ýüzlenmegini haýyş etdi. Tedros öz dogduk watany Efiopiýada saglygy goraýyş we daşary işler ministri wezipelerinde işläpdi. Onuň aýtmagyna görä, 70 ýyl mundan ozal, gurama hut şu maksat üçin döredilipdi. Ýöne entegem bu ugurda edilmeli işleriň köpdügini nygtady. Ol ähli ýollaryň ählumumy lukmançylyk ätiýaçlandyrmasyna alyp barmalydygyny belläp, şu ýörelgelerden ugur alyp, tagalla etjekdigini aýtdy.
– 1948-nji ýylda ähli adam saglyk hyzmatyndan peýdalanar diýlip söz berlipdi. Bu maksat entegem öz güýjüni ýitirenok. Ýer şaryndaky ilatyň ýarysyna golaýy saglyk ýagdaýlary bilen bagly meselelerde lukmana ýüz tutup bilenok, lukmançylyk ätiýaçlandyrmasy ýok – diýip, doktor Tedros gürrüň berdi.
BSGG-niň baş lukmanynyň aýtmagyna görä, ýene-de bir möhüm ugurlaryň biri – saglygy goraýyş ulgamynda adatdan daşary ýagdaýlardan baş alyp çykmak meselesi bolup durýar. Ol gurama agza döwletleriň islendik kesellere garşy göreşmäge taýýar bolmalydygyny mälim etdi.
Doktor Tedros Margaret Çeniň döwründe BSGG-niň uly üstünlikler gazanandygyny belläp, gurama agza ähli ýurtlar bilen has ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny aýtdy.