Iýun aýynda Astana şäherinde geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) mejlisinde Hindistan bilen Pakistanyň guramanyň doly hukukly agzalygyna kabul edilmegine garaşylýar. Bu barada guramanyň baş sekretary Raşid Alimow habar berdi.
Onuň aýtmagyna görä, öňümizdäki sammit guramanyň taryhynda ýatda galyjy wakalara baý bolar. Guramanyň agzalarynyň sany 6-dan 8-e ýeter. Bu ýagdaý ähli görkezijiler boýunça guramanyň ösüşini alamatlandyrar. Hindistan bilen Pakistan guramanyň düzümine kabul ediler.
Raşid Alimowyň aýtmagyna görä, Hindistan bilen Pakistanyň goşulmagy bilen gurama agza döwletleriň ilat sany dünýä ilatynyň 43-44 göterimine deň bolar. Agza ýurtlaryň jemi içerki önüminiň möçberi bolsa, 33 trillion dollara barabar bolar.
ŞHG – halkara gurama bolup, 2001-nji ýylda Hytaýyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda döredildi. 2016-njy ýylyň iýun aýynda Özbegistanda geçirilen sammitde Hindistan bilen Pakistanyň agzalyga kabul edilmegi bilen baglanyşykly ähtnama gol çekilipdi.
Guramanyň düzüminde synçy derejesine eýe bolan ýurtlar: Owganystan, Belarus, Eýran we Mongoliýa. Hyzmatdaş ýurtlar: Azerbaýjan, Ermenistan, Kamboja, Nepal, Türkiýe we Şri-Lanka.