20-21-nji maýda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Gruziýanyň Minankarisy» atly şaý-sepleriň sergisi açyldy. Iki gün dowam eden çärä Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, ýurdumyzdaky halkara guramalaryň, diplomatik gulluklarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de senetçiler, muzeý işgärleri, talyplar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarydyr myhmanlary gatnaşdylar.
Gruzin senetçilik önümleriniň nepisligi, milliligi, gelin-gyzlaryň lybaslarynyň bezegleri, şaý-sepleriň ýasalyş usullary özboluşly aýratynlygy bilen tapawutlanýar.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Gruziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guramagynda geçirilen dabarada Nury Halmämmedowyň we beýleki dünýä belli kompozitorlaryň ajaýyp sazlary ýaňlandy.
Minankari syrça ulanylyp döredilýän gadymy gruzin şaý-sep sungaty bolup, bu usulda altyn, kümüş ýaly metallardan we owadan daşlardan ajaýyp bezeg daşlary ulanylýar.
Zergärçilik sungatynda Minankari şaý-sepleri zenan we erkek şaý-seplerini – halkalary, gulakhalkalary, gülýakalary öndürmekde giňden meşhurdyr. Sergide-de Tamar Japaridze, Maýýa Gwitidze, Maýko Magalaşwili, Sofi Esadaşwili, Elene Palawandişwili, Lika Meshi, Marina Naswlişwili, Mariam Tuşişwili we Iýa Hizanişwili ýaly tanymal gruzin zergärleriniň önümleri görkezildi.
Nariman Abasow, Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.