Serbiýanyň ozalky Prezidenti Tomislaw Nikoliç döwlet baştutanynyň şahadatnamasyny we ştandartyny täze saýlanan Prezident Aleksandr Wuçiçe dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Bu barada “RIA Nowosti” habarlar gullugy habar berýär.
Ýurduň parlamentiniň binasynda geçirilen dabarada saýlanan Prezident Wuçiç täze wezipesini kabul etdi. Soňra ol egindeşleri bilen parlamentiň binasyndan çykyp, prezident kabulhanasyna bardy. Şol ýerde goşun generaly Lýubiş Dikowiçiň hasabatyny kabul etdi we ýurduň ýaragly güýçleriniň düzümleri bilen tanyşdy.
Aleksandr Wuçiçiň döwlet baştutanlygyna saýlanmagy bilen baglanyşykly ýene-de bir dabaraly çäre 20-nji iýunda geçiriler. Şoňa çenli Ministrler Kabinetiniň täze düzümi tassyklanar.
Şu ýylyň 2-nji aprelinde geçirilen saýlawlarda Aleksandr Wuçiç ýeňiş gazanypdy. Ol sesleriň 55,08 göterimine eýe bolup, 5 ýyllyk möhlete prezidentlige saýlandy.