Kanadanyň “Husky Energy” kompaniýasy soňa galdyran 2,2 milliard kanada dollary (1,6 milliard amerikan dollary) möçberindäki “West White Rose” energiýa taslamasyna täzeden başlamakçydygyny mälim etdi. Kompaniýa 2022-nji ýylda Atlantik ummanyndaky bu taslamasyndan nebit öndürmäge girişer we 2025-nji ýylda ol iň ýokary derejesine çykyp, bir gije-gündiziň dowamynda 75 müň barrel nebit öndürer. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Rob Pibodi uglewodorod ýatagyny özleşdirmek boýunça amala aşyrylýan taslamada birnäçe üýtgeşmeleriň edilendigini mälim etdi.
“Husky Energy” kompaniýasy taslamanyň 70 göterimine eýedir. Onuň bu taslama boýunça başga-da birnäçe hyzmatdaşlary bar. “White Rose” taslamasy 1984-nji ýylda tapyldy. Ondan 2005-nji ýyldan bäri nebit öndürilip gelinýär. Şondan bäri kompaniýa taslama boýunça ýene-de birnäçe açyşlary etdi. 2017-nji ýylyň birinji çärýeginde-de ýatagyň demirgazyk-günbatar böleginde täze guýular tapyldy.